
Uzak ýaşa, Arkadag!
Gahryman Arkadagymyzyň eşretli eýýamynyň ömrümize dolmagynyň, ykballara gabat gelmeginiň, bagta berilmeginiň, saýa salmagynyň özi bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Berlen ömrüň gymmatyny duýmak bar, oňa uýmak bar. Apalamak, arzylamak bar. Subutyny türkmeniň şu günki ýeten beýik derejesiniň özi sözsüz düşündirýär.
Şu nurana günleriň sanalgy sallaryň dowamynda gurlan erteki mysaly Arkadag şäheriniň bir ýyllygy bilen utgaşmagy aýratyn täsin.
Gahryman Arkadagym! Ömrüň uzak, altyn başyň aman bolsun! Mertligem, jomartlygam, ägirtligem Özüňden gaýdýan gaýratdyr, ganatdyr.
Ömri özüm üçin däl-de, Özüň üçin dilärin, Mähriban!
Diýary Berkarar eýlediň,
Ýaşa, mähriban Arkadag!
Ili bagtyýar eýlediň,
Saňa şirin jan, Arkadag!
Günleriň gülün tirmiş biz,
Uly dünýäýe girmiş biz.
Gadyryň gymmat bilmiş biz,
Döwre şöhrat-şan, Arkadag!
Sesim owazy bilbiliň,
Gudrat güýjündedir siliň.
Jebis-agzybirdir iliň,
Daşyňda biz bar, Arkadag!
Gün bolup gögerdi sözüň,
Otly ojaklarda közüň.
Älem gujagynda Özüň,
Kökün uran bag, Arkadag!
Gelindi ýollar geçile,
Sözlärin entek eçile.
Watanyň älem içire,
Bilýäň ykrar, Arkadag!
Şu ýaşadan döwrüň üçin,
Gül daşadan ömrüň üçin.
Reýhana köňlüň üçin,
Sag bol, Gahryman Arkadag!
* * *
Ýüpek Ýüregiňden, açyk kalbyňdan,
Görogla ogşaýan kamat-kaddyňdan.
Aýlanaýyn Seni beren aslyňdan,
Arkadagym!
Tutmaz öz ýeriňi müňläp inerler,
Diňe Senden sapak alyp bilerler.
Şonda olar görejiňe ilerler,
Arkadagym!
Boldy maňa, gördüm düýpli Danany,
Ýaramyna, ýagşysyna ýarany.
Jan jigere deňändirin Janany,
Arkadagym!
Gara gözüm görer, ýazar ellerim,
Sözden, söhbetiňden dolar pellerim.
Okar ony Seni söýen illerim,
Arkadagym!
Däne sözüň diwanlarňa bezegdir,
Çuňlugyn, giňligin Gudrat berendir.
Il-günüňe — halka bagty egendir,
Arkadagym!
Synlap durun, Didäm, dowamatyňy,
Aýlawlary böwsüp barýan atyňy.
Özüň diýip bilýän şol Gaýratyňy,
Arkadagym!
Bilbile öwrüldim döwrüň gelenden,
Ýadygär galarlar setirler menden.
Söýgä do:landyrlar, ah, bular çenden,
Arkadagym!
Arkadagly Serdaryna ynam bu,
Ykraryna, yhlasyna ynam bu.
Hem ilgezik göwünleri yran bu,
Arkadagym!
On ogla däl, müň Ogula degýänsiň,
Uzak ömrüň gül başyny egýänsiň.
Ylhamyma, her demime dermansyň,
Arkadagym!
Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.







