TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Bilim ojaklarynda «Soňky jaň» dabarasy

Bilim ojaklarynda «Soňky jaň» dabarasy

Gözel Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem «Soňky jaň» dabarasy şatlyk-şowhun bilen bellenildi.

Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen açylan baýramçylyk dabarasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden gatnaşan myhmanlar, ata-eneler we mugallymlar çykyş etdiler. Soňra 2023-2024-nji okuw ýylynda tapawutly okap, özlerini göreldeli alyp baran okuwçylara şeýle hem «Altyn asyryň – altyn nesilleri» atly ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlara Hormat hatlary gowşuryldy.

Dabaranyň dowamynda ýaş nesillerimiziň ýerine ýetiren aýdymlary bu «Soňky jaň» dabarasynyň şatlygyna şatlyk goşdy. Uçurymlaryň täze okuw ýylynda ak mekdebiň 1-nji synpyna gadam basjak çagalara altyn açary şowhun bilen gowşurdylar. Tolgundyryjy baýramyň ahyrynda halkymyzyň «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen pähimine eýerip, Arkadag şäheriniň orta mekdepleriniň uçurymlary ak kepderileri asuda asmanymyza uçurdylar.


 

2024-05-29972