TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ajaýyp eserler — hemişelik gollanma

Ajaýyp eserler — hemişelik gollanma

Düýn Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri — görelde mekdebi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga dürli ulgamlarda zähmet çekýän hünärmenler, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen bellediler.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren ähli ajaýyp kitaplarynyň pähim-paýhasa ýugrulandygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmäge gollanma bolup durýandygyny aýtdylar.

2024-08-29118