TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny...

Hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy

Duşenbe — Aşgabat, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berer, sebitiň durnukly ösüşi, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmäge ýardam eder.
Goňşy döwletler bilen netijeli we dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň deňhukukly, özara ynanyşmak dialogynyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýanyň möhüm meselelerini çözmegiň has netijeli ýollaryny gözlemekde tagallalaryň birleşdirilmegine umumy gyzyklanmalary döwletleriň özara düşünişmek, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýändikleriniň subutnamasydyr. Aral meselesiniň çözgüdi öňde durýan wezipeleriň iň möhümleriniň biridir.
Hut şu maksat bilen, 1993-nji ýylyň ýanwarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasy döredildi. Şondan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ol Aral heläkçiliginiň ýetiren ekologik, durmuş-ykdysady hem-de ynsanperwer meselelerini çözmek boýunça oňyn döwletara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly meýdança öwrüldi. Şol döwrüň içinde iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirildi. Sebäbi bu mesele toplumlaýyn çemeleşmeleri talap edýär. 2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna synçy derejesini bermek barada Kararnamany kabul etmegi Aralyň dünýä derejeli häsiýete eýedigini hem-de ony tizden-tiz ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassyklan taryhy ähmiýetli waka boldy.
Gaznanyň ähli agzalary ýaly, Türkmenistan hem diňe bir giň gerimli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, Aral sebitinde durmuş-ykdysady, ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine-de işjeň ýardam berýär. Munuň özi diňe sebit derejesinde däl-de, ählumumy derejede-de uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistan öz toplan baý tejribesini hem-de döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinip, hemişe Merkezi Aziýada ýüze çykýan suw we ekologik meselelere halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär. Diňe sebit tagallalarynyň birleşdirilmegi bu meseläni çözmekde netijeli döwletara hyzmatdaşlyk üçin ýeke-täk kabul ederlikli şert bolup durýar. Türkmen tarapynyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde suw diplomatiýasyny ilerletmek babatda beýan eden teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça maslahatda (Rio+20) Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň ýörite ugruny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de ony “Aral üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy” diýip atlandyrdy. Bu maksatnamada Aral deňziniň sebitinde ýagdaýy durnuklylaşdyrmak hem-de gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar göz öňünde tutulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän yzygiderli işleri barha dünýä bileleşiginiň uly goldawyna eýe bolýar. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Emma wagt bir ýerde durmaýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalary esasynda dünýäde ägirt uly gyzyklanma eýe bolan Aral meselesi häzirki zaman ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, onuň çözgüdine täze, has netijeli we ylalaşykly çemeleşmeleriň zerurdygyny görkezýär. Bu bolsa Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çagyrylmagynyň baş maksadydyr. Bu sammit Aralyň ýetiren täsirlerini ýeňip geçmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berer.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Duşenbe şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Kasri Millat» köşgüne tarap ugrady. Köşgüň eýwanynda hormatly Prezidentimizi Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylaýar.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýän ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldiler, şeýle hem duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew synçy hökmünde gatnaşýar.
Däp bolan bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, belent mertebeli myhmanlar «Dabaralar» zalyna bardylar. Bu ýerde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ýokary derejeli duşuşygy açyp, mejlise gatnaşyjylary ýene bir gezek mübärekledi we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisine gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Bu mejlis gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär. Täjigistanyň Prezidenti hemmeleri bu sene bilen gutlap, şu geçen ýyllaryň dowamynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň suw hojalyk we ekologik meseleleri çözmekde, hyzmatdaş döwletleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde möhüm orun eýeländigini kanagatlanma bilen belledi.
Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmona Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, myhmansöýer Täjigistanda geçirilýän şu gezekki duşuşygyň biziň gatnaşyklarymyzyň hem-de sebit meselelerini bilelikde, raýdaşlyk ýagdaýynda çözmäge özara gyzyklanmanyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydygyny belledi.
Şu günki waka Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjylar hökmünde biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi şu ýyl biz bu gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we hemmeleri bu şanly sene bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda hut Araly halas etmegiň halkara gaznasy Aral deňziniň guramagy zerarly emele gelen ekologik. durmuş-ykdysady meseleleri çözmek maksady bilen, dialog we hyzmatdaşlyk üçin möhüm sebit meýdançasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň bu gazna üstünlikli başlyklyk edýändigini, täjik kärdeşleri tarapyndan AHHG-nyň işine goldaw bermek hem-de onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça uly işleriň bitirilendigini aýratyn belläp, gazna geljekde başlyklyk etjek Gazagystan Respublikasyna üstünlikleri arzuw etdi.
Şol döwürde gazagystanly kärdeşlerimiziň öňde goýlan wezipeleri çözmek, biziň tagallalarymyzy birleşdirmek, oňyn başlangyçlaryny goldamak we ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz öz başlangyçlaryny milli derejede, şeýle hem dünýä giňişliginde geçirýän anyk işleri bilen berkidýär.
Baryp 2012-nji ýylda Türkmenistanda howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýa tassyklanyldy. Onda Aral deňziniň meseleleri, hususan-da, Aralyň guramagy zerarly daşky gurşawa ýetýän oňaýsyz täsiri peseltmek, çölleşmä we ýeriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek, Aral sebitinde arassaçylyk-epidemiologik ýagdaýy gowulandyrmak, durmuş, ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek boýunça geçirilýän çäreler öz beýanyny tapdy. 2019-njy ýylda biz, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, bu strategiýany döwrebaplaşdyrdyk, şondan soňra bolsa Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin Milli maksatnamany kabul etdik. Onda ykdysady, durmuş, ekologiýa, suw ulgamlarynda 86 taslamany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şol bir wagtyň özünde, halkara giňişlikde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Olarda, hususan-da, Aralyň ekologiýa ýetiren zyýanlarynyň azaldylmagyna hem-de aradan aýrylmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalaryň möhümdigi, BMG-niň ulgamynyň we bu gaznanyň arasynda dialogy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, olaryň tagallalarynyň özara utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti nygtalýar. 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnamany kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder.
Şunuň bilen baglylykda, biz gaznanyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlarynydyr wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip edýäris. Bu işleri Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara hukugyň binýat goýujy ýörelgeleri we kadalary esasynda alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Aral meselesine gönüden-göni dahylly meseleleriň toplumynyň umumysebit ekologik gün tertibiniň möhüm bölegi hökmünde çözülmeginiň halkara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny, oňyn başlangyçlaryň mundan beýläk-de ilerledilmegini, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýändigine ynam bildirildi.
Şunda bu gaznanyň halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärler bilen Aral deňziniň sebitinde häzirki emele gelen meseleleriň giň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyny has okgunly ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegimiz zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Aral meselesiniň, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýa babatda ileri tutýan ugurlarynyň halkara derejede degişli orun eýelemelidigini belledi. Şunda biziň tagallalarymyz maksada okgunly hem-de millionlarça raýatlarymyzyň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine, geljekki onýyllyklarda öňde durýan ykdysady-durmuş wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitiň ekologik meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde ekologik gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça anyk we yzygiderli işleri geçirip bilerdi. Mundan başga-da, biziň ýurtlarymyza Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalary işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesi möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurda bilelikdäki diplomatik tagallalary işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn uly üns berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar bilen, biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Bu resminamada suw meseleleri boýunça biziň döwletlerimiziň özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleriniň we düzgünleriniň berkidilmegi maksadalaýyk bolardy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup bilerdi.
Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň esasy kadalaryny ekologik meseläniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Beýan edilen başlangyçlar bir bitewi maksada — biziň sebitimiziň ýurtlarynyň bähbitleriniň, bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň abadançylygynyň, olaryň saglygynyň, ösüşiniň, rowaçlygynyň üpjün edilmegine esaslanýan sazlaşykly, durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Türkmenistanyň öňe süren tekliplerine düşüniljekdigine hem-de goldanyljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaga hem-de üstünlikli geçirmäge goşan uly şahsy goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň biziň umumy bähbitlerimiziň ilerledilmegine oňyn depgin berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň munuň üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.
Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýerine ýetirilen bilelikdäki işiň netijelerini jemlediler, bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň täze, anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sammite gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşinde esasy orun eýeleýär, serhetüsti suw hyzmatdaşlygy bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we sebit strategiýalarynda suw meselelerine ileri tutulýan orun bermäge, bu wajyp ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga umumy taýýarlyk beýan edildi. Şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny pugtalandyrmak, halkara abraýyny ýokarlandyrmak meselelerine üns berildi.
Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň kabul eden Duşenbe Beýannamasynda Aral deňziniň meselelerini çözmek boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri öz beýanyny tapdy. Şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Täjigistan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklygynyň netijeleri hakynda Çözgüdine, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny gowulandyrmak boýunça işleri hakynda Çözgüdine, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň AHHG-nyň Prezidentiniň saýlanylmagy hakynda Çözgüdine gol çekildi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon şu günki netijeli pikir alyşmanyň geljekde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin esas boljakdygyna ynam bildirip, duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikleri arzuw etdi.
Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar, şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda garşylady.
Diplomat hormatly Prezidentimizi Duşenbe şäherindäki iri halkara çäreleriň çäklerinde bolan gepleşikleriň netijeli geçmegi bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, geçirilen köptaraplaýyn duşuşyklaryň netijelerine kanagatlanma bildirdi.

2023-09-16357