
Okuw-terbiýeçilik işinde
Ýakynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda orta mekdeplerde we çagalar edaralarynda zähmet çekýän bilim işgärleriniň ýanwar aýyndaky maslahaty geçirildi. Maslahaty «akylly» şäheriniň Bilim müdirligi gurady.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde geçirilen maslahata «akylly» şäheriň bilim müdirliginiň ýolbaşçylary, orta mekdepleriniň mugallymlary we çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.
«Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçilmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen geçirilen maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň eýwanynda guralan sergini synladylar. Onda Arkadag şäheriniň bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri, milli gymmatlyklarymyz hem-de dürli temadaky kitaplar sergilendi. Şeýle hem Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde bilim alýan zehinli çagalaryň çykyşlary boldy.
Soňra maslahat öz işine başlady. Onda çykyş edenler 2025-2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarym ýyllygynyň jemini jemlemek hem-de ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek dogrusynda bellediler. Şunda mekdebe çenli bilim edaralarynda we umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan çagalarda watansöýüjilik, lebzi halallyk ýaly gowy häsiýetleri kemala getirmek hem-de olary ylym-bilime höweslendirmek boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem bilim işine okatmagyň täze usullaryny giňden ornaşdyrmagyň, mugallymlaryň sapaklarda döredijilikli çemeleşmelerini ýola goýmagyň ähmiýetini bellediler. Häzirki wagtda Arkadag şäherindäki ähli bilim ojaklarynda döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin belläp geçdiler. Bilim ulgamynyň işini dünýä derejesinde ösdürmekde beýik işleri alyp barýan Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.







