TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Taýçanak» binasy

«Taýçanak» binasy

Arkadag şäheri özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýar. «Akylly» şäheriň esasy aýratynlygy binagärlik we dizaýn sungatlarynyň özara sazlaşygy bolup durýar. Sebäbi şäherde gurlan desgalaryň aglabasy bitewi we utgaşykly şekile eýe bolup, olaryň landşafty umumy giňişlik bilen sazlaşýar, özboluşly owadanlygy emele getirýär.

Şular ýaly bitewi keşp birnäçe wezipäni ýerine ýetirijiligi, gözelligi, täsirliligi ýüze çykarýar. Iki sungatyň özara sazlaşygy Arkadag şäherindäki «Taýçanak» binasynda-da aýdyň şöhlelenýär. Ol halkymyzyň ahalteke bedewlerine çäksiz söýgüsini şöhlelendirýär. Taslama taýçanagy saklap duran iki sany eliň şekilini emele getirýär. Iki eliň birigýän şekili sazlaşygy, jebisligi, aýratyn hem ahalteke bedewiniň halkymyzyň durmuşyndaky wajyp ornuny ýüze çykarýar. Bedew ynsanyň diňe bir ýakyn hemrasy, wepaly dosty däl, eýsem, ýürekdeşi hem ýakyn syrdaşy hökmünde-de tanalýar. Binada taýçanagyň göýä ganat baglap uçýan ýaly keşbi maksada okgunlylygy aňladýar. Ahalteke atlarynyň «ganatly bedewler» diýlip atlandyrylmagy ýöne ýere däl. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň hormatyna gurlan «Taýçanak» binasy döwrebaplylygy, dizaýn sazlaşygy bilen tapawutlanýar.

2026-01-1415