
Bedew atyň ýüwrük bolsun!
Peder ýoluny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly yhlas siňdirip gelýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýola goýlan her bir ýyly manyly şygarlar bilen atlandyrmagyň möhüm ähmiýeti bar.
Ilki bilen, mukaddes Garaşsyzlygyň otuz ýyldan gowrak taryhynyň dürli döwürleriniň döwrebap atlandyrylandygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny bellemeli. Şunda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhynda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişen badyna başlanan ilkinji döwri, 2007 — 2012-nji ýylyň fewraly — Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasy döwri, ikinji döwri, 2012 — 2022-nji ýylyň fewraly — Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri, üçünji bolsa, 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri diýlip atlandyrylandygyny bellemek gerek.
Gahryman Arkadagymyz 2007-nji ýylda döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen, Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşinde täze döwür başlandy. Şol döwri bolsa Milli Liderimiz «Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasy» diýip atlandyran bolsa, onda 2012-nji ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň ösüşiň hil taýdan täze belentligine, ýagny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýandygyny yglan etdi. Şondan soňra her bir ýylda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň durmuşa geçirýän tutumly işleri ýurdumyzy belentden-belent derejelere çykaryp gelýär. Şunda her bir ýylyň özüne mahsus şygar astynda geçmegi halkymyzyň ruhuny belende göterip, şol ýyllarda ähli adamlaryň döredijilik yhlasyny öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ugrukdyrýan ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat etdi diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň uly dabaralara beslenen 2014-nji ýyly tutuş türki dilli döwletleriň çygrynda «Magtymguly Pyragy ýyly», 2015-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň we parahatçylygyň ýurdy», 2016-njy ýyl — «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly», 2017-nji ýyl — «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly», 2018-nji ýyl — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», 2019-njy ýyl — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», 2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», 2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy», 2023-nji ýyl — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly», 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly», 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylan bolsa, onda täze gadam goýan 2026-njy ýylymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýen ajaýyp şygar bilen halkymyzy röwşen geljege sary alyp gider.
Çünki Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň Gündogaryň müçenamasynda ýylky, ýagny bedew ýyly bolup gelýändiginiň aýratyn uly ähmiýete eýedigi, şeýle-de halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dabaralandyrmak maksady bilen, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň taýýarlan kararynyň hem-de şol ýylyň nyşanynyň geçen, 2025-nji ýylyň 26-njy dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tassyklanmagy halkymyzyň göwnüni galkyndyran möhüm waka boldy.
Hut şonuň üçinem 2026-njy ýylyň şygarynyň hem-de nyşanynyň many-mazmunyny wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrylan çäreler bu babatda halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklarynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.







