TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Märkaw sazlaşygy

Märkaw sazlaşygy

Pederlerimiz gudrat göresiň gelse daglara bar diýip ündäpdirler. Hakykatdan-da, daglaryň gaýa-gerişleri, dilkaw-dilkaw uzalyp gidýän sapaly dere-jülgeleri, zawlary özbaşyna gaýtalanmajak gözelligiň mekanydyr. Ine, şol daglaryň biri hem, gojaman Köpetdagyň bir goluny Giňdiwar dagyna, bir goluny bolsa Herek dagyna uzadyp, çür başy bulutlar bilen bäsleşýän Märkaw dagydyr. Gadymy Ahal ýaýlasynyň ilaty Märkaw dagyny gözelligiň nyşany hökmünde görüpdirler.

Eý, çür depesinde çasly ösýän şemalyň döredýän owazyna maýyl bolup oturan Märkaw dagy! Gör, sen, asyrlaryň dowamynda nähili gowgaly, hupbatly eýýamlaryň şaýady bolansyň?! Oýlanyp otursaň, dünýä döräp, kä asuda, kä ýowuz ýollary geçipsiň. Ýöne sen erkinligiň sergin şemalyny başdan geçiren pursatlaryň hem eselmänsiň, wagtal-wagtal her neneňsi pajygaly pursatlara duçar bolsaň-da, polat kimin, kanagata ten berip, buýsançly başyňy belent tutup her jüre kynçylyklary mertlik bilen çekipsiň. Bu gün Garaşsyzlygyň mylaýym şemalyndan ine-gana ganyp, görkanalygyň nyşany deý, gözelligiňi daş-töweregiňe jomartlyk bilen paýlaýarsyň. Hamala pähim-paýhasly goja ýaly buýsançly başyňy belent tutup, gündizlerine gerşiňi Güne çoýup, gijelerine bolsa biri-birine göz gypyşýan asman ýyldyzlarynyň astynda kanagatlanma bilen dymyp otyrsyň.

Sen hem Watanymyzyň her bir üstünligine mübärek nazaryňy aýlap guwanýarsyň. Ine, seniň guzaý tarapyňda türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly paýhasyndan dörän Arkadag şäheri gujagyny gerip, gelenlere «Geleweriň!» diýip, ýaýylyp ýatyr.

Bäý-bä, bu nähili gudrat, bu nähili ajaýyplyk?! Aklyň haýran galýar. Çünki güýçli depginde alnyp barylýan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy hem hä diýmän tamamlanar. Gujurly gollar arkaly gurulýan belent ymaratlar Arkadag şäheriniň dowamy bolup, «akylly» şähere täsin gözellik eçiler. Bu bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň miwesi bolup, Märkaw dagynyň ýene-de bir guwanjyna öwrüler, halkymyza şatlyk paýlar, sazlaşyk üste sazlaşyk goşar.

Heňňamyň adalatly hikmetine bak-a! Döwürler aýlanyp, köp muşakgaty geçiren Märkaw dagy ajap zamanaň bagtyýar durmuşyna, bagtly adamlaryň toý-baýramyna şaýat bolýar. «Akylly» şäher bilen Märkaw dagynyň sazlaşygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasy, yhlasy bilen dörändigi üçin, nesilleriň kalbynda hemişelik orun alar.

2026-01-1416