
Aba seýsiň atşynaslyk mirasy
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndan:
— Kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň milli seýisçilik sungaty barada heniz 6-7 ýaşlarymdaka beren gyzykly gürrüňleriniň bu sungatyň inçe tärlerine aralaşmaga uly höwes döredendigini men buýsanç bilen ýatlap, öz çagalaryma, agtyklaryma gürrüň berýärin. Sebäbi meşhur türkmen ahalteke bedewleriniň seýisçilik sungatyna biziň şejerämiziň hem uly goşandynyň bardygyny aýtmak maňa örän ýakymlydyr. Muňa atam Berdimuhamet Annaýewiň erkek dogany, belli seçgiçi — atşynas Aba Annaýewiň bu ugurda gazanan üstünlikleri we şägirtlerine miras galdyran tejribeleri barada yzgantlylaryň ýaşuly nesli henizem buýsanç bilen ýatlaýarlar. Aýdyşlaryna görä, Aba seýsiň athanasynda azyndan aýlaw baglaýan atly bedewleriň 40 — 50 sanysy bolupdyr. Onuň seýislän atlary ýaryşlarda öňüne at geçirmän gelipdir. Yzgantda tutulan uly toýlarda ähli Ahal obalaryndan atly seýisleriň «men» diýen atlarynyň çapyşyklarynda Aba seýsiň ýetişdiren bedewleri elmydama ýeňiş gazanypdyr. Toý günlerinde Gökdepäniň etrap merkezinden Yzganda gaýdýan ýoluň ugry boýunça çylşyrymly tilsimleri ulanyp, atyň aýaklaryny agyrtman geçmeli çekeleşikli bäsleşiklerde Aba Annaýewiň seýislän bedewi ilkinji bolup pellehana geler eken. Şonda ussat halypa Ahal topragynda iň ýyndam aty seýisländigi üçin, toý eýeleriniň adyndan baş baýrak ýapylypdyr. «Baýrakdan öň abraý geler» diýlişi ýaly, şeýle dartgynly bäsleşiklerde bedewi hemişe öňe çykan Aba seýsiň şöhraty dag aşyp, ol baradaky ýatlamalar halkyň hakydasynda henize çenli saklanyp gelýär.
Asyrlar içre kämilleşdirilip gelnen milli seýisçilik sungatymyzda Gahryman Arkadagymyzyň eždatlarynyň, hususan-da, meşhur atşynas Aba Annaýewiň bitiren hyzmatlary örän uludyr.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň atasy ilhalar ynsan, sarpaly mugallym Berdimuhamet Annaýewiň uly agasyna Aba Annaýew diýer ekenler. Ol gadymy Gökdepäniň Yzgant obasynda Aba seýis ady bilen giňden tanalypdyr. At seýislemekde, ugur seçip almakda ussat bolupdyr.
Behişdi bedewlere çyn söýgi, bimöçber üns-alada bilen garaýan Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» we «Döwlet guşy» ýaly çeper eserlerinde, şeýle hem atçylyk sungaty we olar bilen bagly däp-dessurlary, halk seçgiçilik tejribeleri giňişleýin beýan edilýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Türkmen medeniýeti», «Gadamy batly bedew» atly kitaplaryny okanyňda gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan atşynaslyk sungatymyzyň ösmeginde Milli Liderimiziň ata-babalarynyň hyzmatynyň uludygyna ýene-de bir ýola magat göz ýetirýäris. Bular dogrusynda Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda şeýle ýazýar: «Umuman, Nepesaly baýdan gaýdýan nesil arygynyň kenarynda behişdi bedewiň egsik bolan wagty ýok. Nepesaly baýyňam, Pyhy baýyňam, Gök baýyňam gapysynda iş atlaryny hasaba almanyňda-da, jylawyny çeýnäp duran üç-dört sany argamak atyň bolandygy belli».
Gahryman Arkadagymyzyň bu romanynda garry atasy Gök baýyň aýal doganynyň ogly Mämiş aganyň ussat seýis we tebip bolandygy, onuň gudratly gollary bilen Demren atly bedewiň agyr keselden halas edilişi iňňän gyzykly wakalaryň üsti bilen gürrüň berilýär.
Şu setirleriň awtoryna Aba seýsiň seýisçilik mirasyny öwrenmek bilen bagly alyp baran ylmy gözlegleriň netijesinde Aba Annaýewiň agtygy, ussat seýsiň hormatyna ady dakylan Ata Tejenow bilen 2016-njy ýylda duşuşmak hem-de seýisçilik sungatymyza dahylly gymmatly maglumatlary ýazyp almak nesip etdi. Söhbetdeşimiz atasy Aba Annaýewiň gadymy Yzgandyň giň sähraly düzlüklerinde at seýisläp, ýyndam hem owadan atlary ösdürip ýetişdirendigini, seýisçilik ugrundan ýörite ugry döredendigini, onuň athanasynda onlarça atyň bolandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi. Ata aganyň gürrüň bermegine görä, ussat seýis bahar günleri gum etekde şemala tigirlenip, togarlanyp, çarýana telwas edýän peşmekli meýdana şabaz atlary goýberip çapmagy, şeýdibem, olara çapuwda duçar gelinýän her dürli päsgelçilikden baş alyp çykmagy öwredipdir. Mundan başga-da, ol ýaş şägirtlerine, «Aty gorkan zadyna öwrenişdiriň, ýüregine gorky-ürki ornamasyn. Şeýtseňiz çapuwda garşydaşyň näsaz galgan gamçysy atyň ýüzüne degäýse-de, ol ürkmez, ýaýdanyp yza galmaz» — diýip maslahat beripdir.
Uly ýaryşlarda çapylmaly atlar bilen Aba aga ýörite taýýarlyk geçipdir. Ol Yzgandyň gum etegindäki çägeli meýdançada, atyň eýeriniň iki tarapyna deň agramly çägeli haltajyklary asyp, birnäçe gün türgenleşdiripdir. Şeýle agyr okuw sapaklaryny alan bedewler tekiz meýdançaly aýlawlara çapuwa goýberilende, telwas urup, uçar derejedäki ýeňillige we ruhubelentlige eýe bolupdyr. Şeýdibem, Aba halypanyň seýislän bedewleri ýeňiş üstüne ýeňiş getiripdir.
Mälim bolşy ýaly, howa-toprak taýdan iň amatly künjekde — Köpetdagyň ter öleňli derelerinde, şeker suwly sähralyklarynda, mes toprakly ekinzarlyklarynda dünýä atşynaslygynyň kerwenbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewlerini idetmek üçin ähli zerur şertler bar. Arassa dag howasy, suw çeşmeleriniň hem-de ösümlikleriň köplügi ahalteke bedewiniň tohumçylyk-seçgi işlerinde, atşynaslyk sungatynda gazanan baý tejribeleriniň arkama-arka geçirilip gelmegini şertlendiripdir. Şundan görnüşi ýaly, gadymy Ahal obalarynda Aba seýis ezber atşynas hökmünde giňden tanalypdyr. Ol ýüwrük atlary seýislemekde, ugur seçip almakda iňňän ussatlygy bilen şöhrat gazanypdyr. Çalasynlyk bilen aty çapmakda, olaryň ýyndamlygyna baha bermekde, söýgi bildirip, yhlas siňdirmekde Aba aganyň öňüne geçen bolmandyr.
Aba Annaýewiň örän oýlanyşykly, döredijilikli seýisçilik tejribeleri bu sungatyň geljekki ösüşleriniň kanunlary hökmünde kabul edilip, nesilme-nesil geçirilip gelinýär. «Ökdeden öwrenmek aýyp däl» diýlip halk içinde aýdylyşy ýaly, Aba seýsiň yhlas-aladasy bilen gadymy Ahal obalarynda tanymal seýisleriň giden bir nesli ýetişipdir. Halypanyň ussatlyk ýoluny Ahal topragynda at seýislemekde uly meşhurlyk gazanan Japy seýis, onuň ogly Gaýpa seýis, Hydyrguly seýis, Bajam Kowus dagy dowam edipdir. Halypanyň gaýnap joşan ussatlyk bulagynyň datly miwelerini çemçeläp-çemçeläp ýygnaýan şägirtler hakdan içen seýis Aba aganyň öwüt-ündewlerini, pentlerini hemra edinip, bu kämil sungatyň däplerini barha kämilleşdirýärler.
Bu sogaply işe Milli Liderimiziň nesil şejeresiniň uly goşandynyň bardygyny, hatda onuň ata-babalary tarapyndan seýisçilik sungatynyň nesilme-nesil geçirilip gelinýändigini buýsanç bilen bellemek zerurdyr. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke atlaryna bolan çäksiz söýgüsiniň näderejede miras galandygyna magat göz ýetirse bolýar. Şoňa görä-de, Milli Liderimiziň ussatlyk bilen at münmek, olara baha bermek, ukubynyň-da tötänden däldigini duýmak bolýar.







