
Gurmak — gurplulykdan nyşan
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
«Akylly» şäherde Gahryman Arkadagymyza ikinji tapgyryň möhüm desgasy bolan lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy maksat edinýän bu gezekki duşuşyga ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery» we Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.», «Korea Meditech Co. Ltd.» ýaly kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, önümçilik kärhanalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşýan «Garagum» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky we Koreýa Respublikasyndaky ilçileri gatnaşdylar.
Milli Liderimiz geljekde lukmançylykda ulanyljak serişdeleri öndürmekden başlap, olary sarp etmäge çenli alnyp baryljak işlerde arassa, ekologik talaplara laýyk gelýän ýerli çig mallaryň ulanylmalydygyna, ondan alynjak önümiň ýokary hilli bolmalydygyna, içerki bazarlarymyzy doly üpjün etmelidigine we galan böleginiň eksporta gönükdirilmelidigine ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Gyýanlydaky polimer zawodynyň ýolbaşçylary degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada maglumat berdiler. Milli Liderimiz senagat toplumlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, önümleriň hilinden başlap, onuň mukdarynyň, esasan-da, görnüşleriniň artdyrylmalydygyny aýratyn nygtady.
Bu ýerde Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalaryny enjamlaşdyrmak wezipesiniň ynanylandygy we döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri lukmançylyk klasteriniň ynsan saglygy üçin ähmiýetli, dünýäniň saglygy goraýyş edaralary üçin zerur hasaplanýan serişdeleriniň hil derejesiniň ýokary bolmagynda möhüm orny eýelejek enjamlaryň bökdençsiz getirilmegi bilen bagly meseleleriň gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherdäki umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat berdi. Milli Liderimiz bu çözgüdi oňlap, ýöriteleşdirilen mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň özleşdirilmegi möhüm wezipedir. Hormatly Arkadagymyz bu mekdebiň ýaşlary bakalawr, magistratura ýaly ugurlara gönükdirmäge ýöriteleşdirilen bilim ojagy bolmalydygyny nygtady, bu babatda maslahatlaryny berdi.







