TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýylyň şygaryna bagyşlandy

Ýylyň şygaryna bagyşlandy

Ýakynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we «Arkadag» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Täsirli geçen maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň mynasyp atlandyrylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýen şygarynyň halkymyzy, Watanymyzy bedew bady bilen ösüşlere atarjakdygyny, şunda Milli Lidermiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň belent tutumlarynyň ähmiýetini bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly gymmatly eserlerinden parasatly jümleleri mysal getirdiler. Halkymyz «At agynan ýerde toý bolar» diýýär.

Arkadag şäheriniň hem her bir güni şatlykly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Çünki bu ýer şabaz bedewleriň mekany.

Ýylyň şygary halkymyzyň milli mirasyna uly sarpa goýýandygyny görkezýär. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda gadamy batly bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmakda yzygiderli tagallalary edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

2026-01-1443