
Bilim özgertmeleri beýik geljege binýat
Döwletiň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýaş nesilleriň ygtybarly geljegi, ilkinji nobatda, kämil ylym-bilime daýanýar. Dünýäde ähmiýeti barha artýan ylym-bilim ulgamynyň ýurdumyzda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy hem hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatyna, köpasyrlyk taryhy tejribesi bolan halkymyzyň asylly ýörelgelerine esaslanýar. Ýakynda Milli Liderimiziň sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda şäherdäki umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça teklibi makullamagy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň üstüni ýetirýän taryhy waka öwrüldi.
Islendik taryhy döwrüň, kuwwatly döwletleriň alyp barýan syýasatyna ser salanyňda bilimiň nähili güýjüniň bolandygyna we bardygyna göz ýetirmek bolýar. Çünki ähli syýasy, ykdysady, medeni ösüşleriň özeninde bilim binýady durýar. Türkmenistanyň saýlap alan parahatçylykly ýolunda hem ylym-bilim esasy çelgi bolup hyzmat etdi. Bu döwrüň içinde ýurdumyzda ençeme bilim edaralary, ylmy-barlag institutlary, ylmy-önümçilik merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Olar kämil tehnologiýalar, kompýuterler, multimedia enjamlary, interaktiw okuw esbaplary we internet ulgamy bilen üpjün edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öz ene dilleri ýaly öwrenip, il-günümize, döwletimize peýdaly nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli döwlet maksatnamalary durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, ynsanperwer ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň meýilnamalaýyn esasda alyp barýan bilim we ylym diplomatiýasy wajyp orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan şeýle beýik işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilim işine halkara standartlaryň ornaşdyrylmagyna, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir.
Häzirki wagtda umumybilim berýän orta mekdeplerde ene dilimiz bilen bir hatarda, daşary ýurt dilleri bolan iňlis hem-de rus dillerini öwrenmäge uly ähmiýet berilýändigini aýratyn bellemek gerek. Şunda Arkadag şäherindäki mekdepleriň dördüsiniň iňlis diline ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdeplerdigi guwandyryjydyr. Ýeri gelende aýtsak, şäheriň ikinji tapgyrynda hem 5 sany umumybilim berýän mekdebiň, şeýle hem 9 sany çagalar bagynyň gurluşygynyň ýokary depginler bilen dowam edýändigi bu şäherde ylym-bilime örän uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Bilşimiz ýaly, daşary ýurt dilleri jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki döwründe dünýä jemgyýeti bilen gatnaşyk etmegiň ygtybarly serişdesidir. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» hem ýurdumyzyň dünýä giňişligine aralaşmagy, sebitde, halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýelemekde kämil bilimiň möhümdigi hakynda aýdylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygynyň dowamynda bu ýerdäki öňden bar bolan umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmegiň ähmiýetine ünsi çekmegi hem-de bu ugurdaky degerli maslahatlaryny bermegi milli bilim ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmaga, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge bolan mümkinçilikleriň gerimini has-da giňeltdi. Bellenilişi ýaly, ýöriteleşdirilen mekdep häzirki zamanyň iň täze tehnologiýalary esasynda ýokary derejede enjamlaşdyrylar, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegine hem aýratyn ähmiýet berler.
«Dil adamzat aragatnaşygynyň möhüm serişdesidir» diýip, ýöne ýere aýdylmaýar. Durmuşda ylmyň zerurlygyny, dilleri öwrenmegiň gymmatyny ata-babalarymyz «Dil — akylyň açary», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly birnäçe nakyllardyr atalar sözüniň üsti bilen nesilleriň aňyna ýetiripdirler. Bu mekdepde daşary ýurt dilleriniň çuňňur hem içgin öwrediljekdigi ýurdumyzda halklaryň arasyndaky berk arabaglanyşygy kemala getirmekde köpri bolup durýan halkara dillerini öwrenmeklige gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde netijeli bolar. Şeýlelikde, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen bu täze mekdep Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlary bakalawr, magistratura ýaly ugurlara gönükdirmäge ýöriteleşdirilen bilim ojagy hökmünde öňe çykar. Bu hem öz gezeginde ýaşlara dil öwrenmekde, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmakda, öz islän hünärleriniň eýesi bolmakda döredilýän uly şert-mümkinçilikleriň aýdyň güwäsidir.
Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän, olary beýik geljegi gurujylar, eziz Watanymyzyň daýanjy hökmünde häsiýetlendirip, uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!







