TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ekologiýa çygryndaky halkara hyzmatdaşlyk

Ekologiýa çygryndaky halkara hyzmatdaşlyk

Döwletiň abadançylygyna gönüden-göni täsir edýän möhüm ekologiýa meselelerini toplumlaýyn, ulgamlaýyn we ähli taraplaýyn çözmek bolan deňagramly ösüş ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasyny düzýär. Şundan görnüşi ýaly, önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýanlygy sebäpli, daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynda hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna ýetirýän täsirine aýratyn üns berilýär. Ylmy gazanylanlaryň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp peýdalanylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. «Akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäherinde bina edilen desgalar ekologiýa, howpsuzlyk hem-de tehnologiýalar babatda dünýäniň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýär. Pudaklarda serişde tygşytlaýjy täzeçe tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Gurulýan döwrebap desgalar ekologiýa ölçeglerine laýyk getirilýär. Howanyň arassalygyna netijeli gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, ýörite çäreler durmuşa geçirilýär.

Asylly maksada ýetmek üçin dogry ýoly saýlap, ädimme-ädim menzil aşmaly bolýar. Ýagny 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemmeler üçin has gowy we has durnukly geljegi gurmagyň meýilnamasy hökmünde özara baglanyşykly maksatlaryň 17-sini özünde jemleýän Durnukly ösüş maksatlary işlenilip taýýarlanyldy. Bu maksatlary özünde jemleýän Kararnama «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi» diýip atlandyryldy. «Durnukly ösüş» düşünjesiniň esasy maksady bolsa, geljekki nesilleriň durmuş zerurlyklaryna töwekgelçilik döretmezden, häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmekden ybaratdyr. Bu düşünje ykdysady, durmuş we ekologik jähetleri öz içine alýar. Bu hakykat BMG tarapyndan kabul edilen möhüm resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagynda hem öz beýanyny tapýar. Ýokarda agzalan resminamalar «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegi, durnukly ösüşi gazanmagy, bütin dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Bu halkara resminamalarda dünýä döwletleriniň hem-de halklarynyň öňünde durýan düýpli wezipeler we anyk maksatlar utgaşdyrylýar.

Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak bilen bagly kabul edilen ylalaşyklar döwletlerden anyk çäreleriň durmuşa geçirilmegini talap edýär. Durnukly ösüş ýoluna düşmek zerurlygy, ilkinji nobatda, ykdysady ösüş we ekologik meseleleriň arasyndaky gapma-garşylykdan gözbaş alýar. Geliň, şu ýerde dünýäde subut bolan hakykata ýüzleneliň. Häzirki wagtda halkara guramalaryň berýän maglumatlary soňky 30 ýylyň dowamynda dünýäniň jemi içerki önüminiň dört esseden gowrak artandygyny görkezýärler. Şeýle ýagdaý, bir tarapdan, ýüz millionlarça adamyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eden hem bolsa, beýleki tarapdan, tebigy baýlyklaryň gorlarynyň azalmagyna we ekologiýa zyýan ýetirilmegine getirdi. Agyz suwunyň we azyk önümleriniň ýetmezçiligi, howanyň üýtgemegi, biologik köpdürlüligiň azalmagy, tokaýlaryň çäkleriniň kiçelmegi, çölleşme ýaly meseleler muňa şaýatlyk edýär. 2030-njy ýyla çenli dünýä ilatynyň azyk önümlerine, energiýa we suw serişdelerine isleginiň ep-esli artmagyna garaşylýar. Şeýle ýagdaýlarda tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak, arassa energiýa boýunça täze çözgütleri işläp taýýarlamak ýaly ugurlarda tijenmek zerur bolup durýar. Elbetde, bu ugurda hiç bir döwletiň ýekelikde hereket edip, oňyn netije gazanyp bilmejekdigi öz-özünden düşnüklidir. Şoňa görä-de, durnukly ösüş boýunça sebit we bütindünýä derejesindäki halkara ekologiýa çygryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek möhümdir. Geçen ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem Durnukly ösüş maksatlarynyň birnäçesini öz içine alýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň oňyn çözgütlerini tapmakda möhüm meýdança boldy. Munuň özi ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlyga näderejede uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

2026-01-1443