TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmeniň Bitaraplyk taglymaty

Türkmeniň Bitaraplyk taglymaty

Çynar RÜSTEMOWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap ýazan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi hem gyzgyn garşylady. Çünki hormatly Prezidentimiz bu saldamly eserinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanan beýik ösüşleri, goňşy ýurtlar we dünýä döwletleri bilen bilelikde alnyp barlan köpugurly hyzmatdaşlyk barada giňden belleýär.

Ilki bilen, bu taryhy ähmiýetli kitabyň tüýs wagtynda çapdan çykandygyny bellemek isleýärin. Her bir sahypasy we jümlesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyna ýugrulan bu eser syýasatda 30 ýyl mundan ozal özboluşly we dogry ýoly saýlap-seçen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýubileý toýuna mynasyp sowgat boldy.

Täze kitap jemi 9 bapdan ybarat bolup, ol baý many-mazmunly syýasy, durmuş, ynsanperwer we ençeme beýleki meseleler boýunça maglumatlary öz içine alýan diýseň gyzykly, täsirli we özüne çekijidir. Bu eseriň söhbetini bir makala sygdyrmak, umman deý mazmunyny gysga söhbet arkaly doly açyp görkezmek asla mümkin däl. Ol ençeme ýyllap öwrenilip, öwredilmäge tüýs mynasyp paýhas çeşmesidir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Bu eser diňe bir taryhy hakykatlaryň ýygyndysy däl-de, eýsem, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň pugta binýadyny emele getirýän türkmeniň milli filosofiýasynyň giňişleýin beýanydyr».

Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň ilkinji babynyň türkmen halkynyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, olaryň halkara derejesini yzygider we işjeň ösdürmek babatynda ygtybarly gurala öwrülen Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeleri baradaky söhbetler bilen başlanýandygyny, eseriň tutuş süňňünden eriş-argaç bolup geçýändigini bellemek isleýärin. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň her bir garyş ýerini, topragyny, mähriban halkyny we halkyň asylly däplerini, urp-adatlaryny, ençeme müňýyllyk taryhly ýadygärliklerini, üstünden asyrlar geçse-de, şuglasy egsilmeýän milli gymmatlyklaryny — ynsan gylykly ahalteke bedewlerimizi, alabaýymyzy, nepis halylarymyzy, beýik şahyrlarymyzy, söz ussatlarymyzy sarpalaýan Milli Liderimiziň paýhasyna çäksiz sarpa goýýan wepaly ogludygynyň, beýik şahsyýetdiginiň birkemsiz mysalydyr.

Kitapda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ýylsaýyn işjeňleşýändigi aýratyn bellenip geçilýär. Munuň hakykatdan hem şeýledigine geçen 2025-nji ýylda bu gurama bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gazanylan buýsandyryjy netijeler arkaly hem göz ýetirmek bolar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda paýtagtymyz Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň halkara toruna goşulmagy, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, şeýle hem, gurama tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny açmak baradaky ýurdumyzyň teklibi esasynda gutarnykly çözgüdiň kabul edilmegi ähmiýetli wakalara öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran, häzire çenli dünýä ýurtlarynyň taryhyny bezäp gelýän türkmen döwletleriniň umumadamzat ösüşlerine goşan saldamly goşandy ussatlyk bilen beýan edilýär. Ata-babalarymyzyň açyk ýürekli, hyzmatdaşlyga ygrarly, parahatçylyk söýüji, sabyrly, özgeleriň pikirine hormat goýmagy başarýan halk hökmündäki orny açylyp görkezilýär. Şeýle hem türkmenleriň bu özboluşly aýratynlygynyň öňki gurlan döwletleriň gülläp ösmeginiň we güýjüniň, ondaky ähli halklaryň bolelin durmuşda ýaşamagynyň baş şerti bolandygy, hatda nesillerimize berilýän terbiýäniň hem bu aýratynlyklar bilen aýrylmaz derejede berk gurşalandygy nygtalýar. Eserde türkmen Bitaraplygynyň esasynda ynsanperwerligiň kökleri, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri barada giň maglumatlar berilýär.

Adyndan belli bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň süňňüne ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk taglymaty siňdirilendir. Onuň baş maksady — döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň köptaraply häsiýetini doly açyp görkezmäge gönükdirilendir. Bu taryhy ähmiýetli eserde Bitaraplyk düşünjesi «Türkmenistan» we «türkmen» diýen jümleler bilen aýrylmaz baglanyşykda sazlaşykly ýaňlanýar.

Jemläp aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gadymy taryhyny, häzirki zaman ösüşlerini, aýdyň geljegini Jemşidiň jamy kimin giň we çuňňur şöhlelendirýän ajaýyp aýnadyr. Biz bu aýna arkaly pederlerimiziň şanly ýoluny, halkymyzyň şöhratly ýörelgelerini öwrenmegi we çagalarymyza öwretmegi dowam etdirmelidiris.

2026-01-1444