TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Şäheriň gurluşygy ýokary hil derejesinde

Şäheriň gurluşygy ýokary hil derejesinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Täze şäheriň gurluşygy ýokary hil derejesine laýyk gelmelidir. Şunda dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylmalydyr. Şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr we bu meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

* * *

Bu ýerde haly kärhanasynyň bina edilmeginde çuňňur many bar. Haly sungatynyň ösdürilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, halyçylyk kärhanasynyň binagärlik aýratynlygyna, enjamlaşdyrylyşyna bolşy ýaly, onuň daşky bezegine-de hemmetaraplaýyn, milli binagärlik ýörelgeleri esasynda çemeleşilmelidir.

* * *

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtlaryňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Halyçylaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary, olaryň dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri babatda zerur mümkinçilikler döredilmelidir.

* * *

Seýilgähiň çäklerinde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň ýaramlylyk derejesine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi adamlaryň amatly dynç alşynyň wajyp şerti bolup durýar. Täze şäheriň çäklerinde gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, aýratyn-da, gatnaw ýollarynyň çatrygynda oturdyljak özboluşly binalar şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Şunda halkalaýyn aýlawly ýollaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, olaryň yşyklandyryş ulgamynyň ýokary derejede bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ýerde goýuljak mermer we granit daşlarynyň reňkleriniň desganyň yşyklandyryş ulgamy bilen sazlaşmalydyr hem-de bu işler binagärlik, ekologiýa babatda halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheriniň häzirki zaman derejesine laýyk gelmelidir.

* * *

Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň derejesi we ähmiýeti doly görnüşde beýan edilmelidir, onda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine, ýokary halkara görkezijilere laýyk amala aşyrylmagy wajypdyr.

* * *

Täze şäherde gurulýan desgalaryň gurluşygynda we olaryň timarlaýyş, bezeg işlerinde ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik, bezeg ýagdaýlaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi, amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Şeýle hem Arkadag şäherinde geçirilýän köpçülikleýin çärelerde, şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.

2024-10-1665