TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gözel görkli, bedewim!

Gözel görkli, bedewim!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-nji aprelinde Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň açyk manežinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan bäsleşik ahalteke bedewleriniň hakyky muşdagy we howandary, ussat seýis Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça, däp bolşy ýaly, her ýyl geçirilýär. Bu gezekki bäsleşige paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky atçylyk toplumlarynda hem-de hususy atşynaslar tarapyndan seýislenýän naýbaşy bedewleriň 20-si gatnaşdy.

Türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň gymmatly baýlygy bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmak, ömrüni ahalteke bedewlerini köpeltmäge we ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan seýisleriň işini höweslendirmek bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan bäsleşikde paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan gözellik boýunça has tapawutlanan atlar ilki bezegsiz, soňra şaý-sepler bilen bezelen we halyça bilen eýerlenen ýagdaýda tanyşdyryldy. Gahryman Arkadagymyz: «Gözellik hem-de sahylyk alamatlary durkuna ornan tebigatyň täsinligindedir. Täsinlik — bedewlerimiz, olar tebigatyň eçilen baýlygy, sungatymyzyň göwheri» diýip bellemek bilen behişdi bedewlerimize bolan çäksiz söýgüsini we onuň täsin tebigatyny beýan edýär. Hakykatdan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan behişdi bedewlerimize uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde döreden milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler Halkara ahalteke atçylyk toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyrynda hem özüniň aýdyň beýanyny tapdy.

Biri-birinden üýtgeşik gözelligi, ajaplygy we täsinligi bilen ýüreklerde orun alýan bedew atlary bahalandyrmak, birini beýlekisinden tapawutlandyrmak kyn işleriň biridir. Sebäbi olaryň hersi bir sungat eseri. Olaryň gözellikde, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýy ýok ahbetin. Türkmen bedewiniň her bir hereketi göwnüňe laýyk gelýär, maňza batýar. Eýesiniň her bir hereketine, duýgularyna werziş bedew atlar tomaşaçynyň hem dünýäsini gözellige, ajaýyplyga baglaýar.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan bäsleşigiň ikinji tapgyrynyň jemleri boýunça 10 bedew halkara bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşdyrylmak üçin saýlandy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 27-nji aprelde — Türkmen bedewiniň milli baýramy güni geçiriler.

2025-04-23164