TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri wagyz etmäge, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmäge möhüm ähmiýet berýär. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözülmeginde diňe syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär.
Siz: «Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermeli we ony tutanýerli öňe sürmeli. Wagt munuň dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi» diýip belleýärsiňiz. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Döwletimiziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatydyr. Türkmen Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy berkitmek arkaly adamzat ösüşini üpjün etmek ýaly parasatly ýolunyň ählumumy goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň halkara giňişlikde Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär. Şol teklipdir başlangyçlar esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmeginiň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmeginiň özi-de döwletimiziň dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak, oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrülendigini tassyklaýar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Türkmenistan köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny ulanmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň edýän tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar. Munuň şeýledigini geçen ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biziň ýurdumyzyň teklibi boýunça kabul edilen, halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan Kararnamalar hem aýdyň görkezýär.
Siziň başlangyjyňyz bilen täze taryhy döwrümizde Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hem ulgamlaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu ugurda ýurdumyzyň gymmatlyklarynyň guramanyň abraýly sanawlaryna goşulmagy gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeldýär.
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş etmegi, ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalmagy ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Şonuň bilen birlikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada, Ýewropa we Aziýa yklymlarynda geçirilen köp sanly forumlarda, BMG-niň belent münberinden, Antalýa diplomatiýa forumynda öňe süren başlangyçlary ýurdumyzyň işjeň daşary syýasatynyň parasatly häsiýetini, ägirt uly mümkinçiliklerini, halklary ýakynlaşdyryjy güýjüni, geljeginiň uludygyny subut edýär. Sebäbi bu aýdyň ýol, anyk maksatlar ynsan mertebesini, adam gymmatlyklaryny hormatlamaga esaslanýar. Hut şonuň üçin-de türkmen halky beýik geljegimize doly ynanýar.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 86 döwletiň goldamagy bilen Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

2024-03-25450