
Welosiped hyzmaty
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän Arkadag şäherinde adamzadyň baş baýlygy bolan saglygy goramakda we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkyň saglygyny gorap saklamak, eşretli durmuşyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri bolup durýar.
Arkadag şäheri özüniň döwrebap, öňdebaryjy hyzmatlary bilen tapawutlanýar. «Arkadag Binasynyň» demirgazyk tarapynda şäheriň Söwda toplumy ýerleşýär. Onda diňe bir ýaşajyk Arkadaglylar üçin däl, eýsem, uly ýaşlylar üçin hem welosipedi kärendesine berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ildeşlerimiz toplumda ýola goýlan şeýle hyzmatdan peýdalanýar. Bu ýeriniň gözelligi, jana tenekar hoştap howasy, özboluşly tebigy aýratynlyklary welosipedli gezelenjiň has-da täsirli we peýdaly bolmagyna sebäpdir. Welosipedli gezelenjiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen sanlyja ýyllarda bina edilen «akylly» şäheriň täsinlikleri, ösen tehnologik mümkinçilikleri, jana şypa ekologiýa gurşawy, ak mermerli binalary göwnüňi göterýär. Bu owadan görnüşler, ýakymly täsirler kalbyňy heýjana salýar.
Mälim bolşy ýaly, welosiped dünýäde iň bir howpsuz, ekologiýa taýdan arassa we saglygyňa örän peýdaly ulag hasaplanýar.
Şeýle-de welosiped sürmek ýürek-damar, dem alyş, daýanç-hereket ediş we nerw ulgamlary üçin peýdaly bolup, tebigy we arassa bejergileriň biridir. Alymlaryň bellemegine görä, günde säher bilen welosipedde gezelenç etmek ynsan ömrüni uzaltmaga, saglygyny gorap saklamaga, şähdiňi açmaga, pikirleriňi jemlemäge we täze bir güne kadaly, dogry başlamaga ýardam edýär. Welosiped sürlende adamyň wajyp bolan beden myşsalarynyň, hereket-daýanç ulgamlarynyň ählisi diýen ýaly işjeň herekete geçýär. Şeýle gezelenç bilen meşgullanmak günüň köp wagtyny oturyp işleýän adamlar üçin has-da peýdalydyr. Hut şonuň üçindir, Arkadag şäheriniň Söwda toplumynda ýola goýlan welosipedi kärendesine bermek hyzmaty «akylly» şäheriň ýaşaýjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Seýilgählere, edara binalaryna we ýaşaýyş jaýlaryna uzaýan ýanýodalarda welosipedli gezelenç üçin ýörite düşekleriň bolmagy hem diýseň oňaýlydyr.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasy ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Bu sport baýramçylygy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenip geçilýär. Şol gün ildeşlerimiziň, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň ýüzlerçesi sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, welosipedli gezelenje çykýarlar.