TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Paýhasly, parasatly, gaýratly

Paýhasly, parasatly, gaýratly

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Watany söýmek, halka wepaly bolmak, batyrlyk we edermenlik, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýaly ajaýyp milli häsiýetleriň kemala gelmegi Oguz han, Gorkut ata, Togrul beg we Çagry beg, Ärtogrul Gazy, Alp Arslan, Jelaleddin Meňburun, Salyr Gazan, Görogly beg, Keýmir serdar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň ady bilen baglanyşyklydyr.

 

Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň köçeleriniň ençemesine türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlary dakyldy. Şeýle gerçekleriň biri-de XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen serdary Keýmir kördür.

Ol päk ýürekli, söweş tärlerine ökde, ýiti akylly, paýhasly, ugurtapyjy, syratly, dilewar adam bolupdyr. Öz iliniň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny, azatlygyny baýdak edinen watançy Keýmir kör köp ýagşy işleri bitiripdir. Onuň esasy ýaragy dilewarlygy bolupdyr. Ol garpyşaýmaly meseleleri öz dilewarlygy, danyşmentligi bilen gan dökmezden çözüp bilipdir. Keýmir kör «Al bilen arslan tutular», «Sözlemäni başarana horluk ýok» ýa-da «Söz bilen çözmek mümkin bolan ýerde gylyjyňy syrmak nämä derkar?» diýen pähimli sözleri aýdypdyr. Mundan iki ýarym asyra golaý ozal aýdylan parasatly sözler biziň günlerimizde hem örän wajyp bolmagynda galýar.

«Keýmir» sözi «keý» — patyşa, gahryman, «mir» — emir sözüniň gysgalan görnüşi bolup, ýagny «batyr emir, dogumly serdar» diýmegi aňladýar. Keýmir ýaş oglanka oýnanda tyg degmegi zerarly gözüne şikes ýetiripdir. Soň-soňlar gutulyp gitse-de, yz galanlygy sebäpli, onuň oglanlykdaky kör lakamy galyberýär. Käbir maglumata görä, ol 1712-nji ýylda Hojanepes batyryň maşgalasynda dünýä inýär.

XVIII asyryň başlarynda Döwletmämmet Düýegözüň baştutanlygynda teke türkmenleriniň bir bölegi Hywanyň hany Şirgazy hanyň rugsady bilen Was sebitlerinde ornaşýarlar. Keýmir Döwletmämmediň terbiýesinde kämilleşýär. Ol ilki öz tiresiniň serdary, soňam Döwletmämmet Düýegözüň baş serdary, orunbasary bolup halkyna hyzmat edipdir.

XVIII asyryň 20-nji ýyllarynyň ahyrynda Döwletmämmet Düýegözüň baştutanlygyndaky teke türkmenleri Wasdan Günbatar Türkmenistana, ýagny Balkan daglarynyň töwereklerine göçýärler. Döwletmämmet Düýegöz özüniň garrandygy sebäpli, ýaşululygy Keýmire tabşyrýar. Keýmir bolsa gadymy mekana — Ahala dolanyp gelmegi makul bilýär. Şol döwürde Eýranda sefewi türkmenleriniň hökümdarlygynyň gowşamagy-da Keýmir serdaryň baştutanlygyndaky teke türkmenleriniň Ahalda ornaşmagyna mümkinçilik döredýär. Ahalda ornaşmakda Keýmiriň egindeşleri Annaseýit wekil, Amandöş, Esenoglan ýaly serdarlar uly iş bitiripdirler.

Keýmir 24 ýaşynda mahaly 48 ýaşly Nedir Eýranda şa bolýar. Ol Keýmir bilen soň hem ençeme gezek duşuşypdyr. Keýmir serdar özüniň birneme garrandygy sebäpli, 1788-nji ýylda ýaşululygy öz oruntutary Annaseýit wekile tabşyrýar. Elbetde, onuň ornundan aýrylmagyna razylyk bermeýärler. Emma Keýmir şol mejlis-maslahat toýunda dirilikde öz ornuny laýyk adama tabşyrmagyň miýesser etmeginiň uly bagtdygy, bu zeýilli ýagdaýyň aňsat-aňsat ýetdirmeýändigi, özüniň hem gaty garrandygy, 80 ýaşyna golaýlandygy, gaýtam, muňa begenip, has tutumly toý tutmalydygy baradaky çykyşyndan soňra Annaseýit hem başgalar-da razy bolýarlar.

Ol 1790-njy ýyllarda kowum-garyndaşlary bilen Müňgyşlagyň Hook diýen etrabyna barýar. Şol ýerde 1800-nji ýylda aradan çykýar. Soňra onuň nebereleri Hookdan ýurduna gaýdyp geleni üçin olara hooklar hem diýlipdir. Onuň ýedi ogly, bir gyzy bolupdyr. Olar: Annameňli serdar, Çarykly batyr, Bilek batyr, Çary batyr, Penjeli pälwan, Garagol serdar, Aýnazar han, Aýlar. Keýmiriň nesilleri, garyndaş-kowumdaşlary Akdaşaýakda, Arçmanda, Tejende, Maryda we başga ýerlerde ýaşaýarlar.

Kyssaçy Suhanberdi Annagurban oglunyň maglumatyna görä, türkmen halkynyň gaýduwsyz gerçegi Keýmir Azady, Magtymguly ýaly akyldarlar bilenem ençeme gezek duşuşan, pikir alşan, ähli türkmen taýpalaryny birleşdirmekde, olaryň arasynda gatnaşygy ösdürmekde ullakan işleri amala aşyran serdardyr.

2025-05-289