Sagdyn durmuş — sapaly ýaşaýyş
Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öz çuňňur manyly çykyşlarynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary we bu ulgamda öňde durýan wajyp wezipeler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Halkyň saglygyny goramak bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, dünýä derejesine çykarmak döwletimiziň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň, dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň ornaşdyrylmagy örän buýsandyryjydyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri, guramalary, şol sanda BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen durmuşa geçirilýän işler hemmetaraplaýyn ykrarnama eýedir. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalary, milli we döwlet maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasyny görkezmek bolar.
Alym Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XVI jildi hem saglygy goraýyş işgärleri, ähli halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Şeýle hem şanly ýylda lukmanlaryň hünär baýramy mynasybetli dünýä lukmançylygynyň ähli talaplaryna laýyk gelýän 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kuwwatly kärhananyň hem-de Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze binasynyň gurlup ulanmaga berilmegi biz ― saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň we mähriban halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Her bir güni taryhy wakalara beslenýän eziz Diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan şeýle beýik özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň aýdyň rowaçlanmasydyr.