TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadag şäheriniň binagärliginiň çeper çözgütleri

Arkadag şäheriniň binagärliginiň çeper çözgütleri

Medeniýetiň ösüşiniň ähli döwürleriniň dowamynda adam öz durmuşyny gözelleşdirmäge, daş-töweregini gurşap alan zatlary — jaýyny, egin-eşigini, gap-gaçlaryny, zähmet gurallaryny owadan, gözegelüwli etmäge çalşypdyr. Her bir zadyň gymmaty onuň peýdasy we göze ýakymlylygyndadyr.

Islendik bir zadyň, mydama durnuksyz hem-de, taryha görä üýtgäp durýan tehniki we estetiki başlangyjy bar. Biziň daş-töweregimizdäki zatlar dünýäsini proýektleşdirmekde, adamyň döredijilik işiniň ähli görnüşlerini ýerine ýetirilende, owadanlygy we peýdalylygy özünde jemleýär.

Arkadag şäherinde Gündogaryň gadymy binagärlik nusgasy bilen Ýewropanyň häzirki zaman arhitektura dizaýn sazlaşygyny özünde jemleýän binalaryň köpüsi guruldy. Bu binalar daşky keşbi boýunça döwrebaplygyň millilik bilen sazlaşygy netijesinde, Arkadag şäherini dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürdi. Onda gurlan her bir desganyň berkligi bilen bir hatarda, binagärlik keşbi we dizaýn çözgüdi hem özboluşlydyr. Olar daşky keşbi, ýerine ýetirilişi boýunça dürli stillerde, ýagny milli binagärlik däplerinde arhitekturanyň klassisizm hem-de häzirki zaman modern stiliniň ugurlary bolan konstruktiwizm, funksionalizm, art-deko ýaly görnüşlerine eýedir. Geliň, olaryň käbirleriniň aýratynlyklary bilen tanşalyň.

Halkymyzyň milli gymmatlyklary ýerleşdirilen Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň arhitektura gurluşy täsindir. Muzeýiň gadymy döwürlerdäki galanyň şekilinde bina edilmegi geçmişde ata-babalarymyzyň döreden binalaryna, milliligimize bolan beýik sarpanyň nyşanydyr. Bu ýerdäki muzeý eksponatlarynda we diogramma bezeglerinde hem-de onuň sungat bölüminiň nakgaşlyk, grafika, heýkel, amaly-haşam sungat eserleri bilen bezelen şekillerinde milli ýörelgelerimiz sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy türkmen halkyna mahsus özboluşly we binagärligiň funksionalizm görnüşinde gurlan ajaýyp binadyr. Onuň portalynda we dört künjeginde jemi 20 sany kitap şekilinde duran binýatlar kitaphananyň agras keşbine has-da görk goşýar. Binanyň üstünde duran Oguz hanyň tagmasy hasaplanýan sekiz burçluk gümmez bilen sazlaşýar. Kitaphananyň bir aýratyn tarapy, onda obserwatoriýa bolup, onuň düzüminde ýerleşdirilen kämil teleskop arkaly asman jisimlerini synlamak mümkinçiligidir. Mundan başga-da, okalga zalynyň diwarlarynda türkmeniň beýik şahsyýetleri bolan Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň we ýene-de birnäçe türkmen nusgawy şahyrlarynyň kanonik portretleri bilen gurşalmagy okyjylara diňe bir kitaphananyň kitaplaryndan peýdalanmak däl-de, eýsem, bu şahsyýetlerimize buýsanmaga mümkinçilik berýär.

Zehinli ýaşlaryň Arkadag şäheriniň binagärlik bezeglerini, mozaika eserlerini döretmekde goşandy bardyr. Ajaýyp şäheriň gurluşygyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagy olaryň geljekde meşhur binagärler we dizaýnerler bolup ýetişmegine itergi berýär.

2024-11-06297