TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag” futbol toparynyň tür...

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag” futbol toparynyň türgenlerine täze ýeňişleri arzuw etdi

Arkadag şäheri, 30-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň futbol toparynyň türgenleri we ýolbaşçylary bilen duşuşdy, toparyň futbolçylaryny gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen gutlap, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hem-de täze şäheriň futbol toparynyň türgenleri we ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlän Gahryman Arkadagymyz türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde hormatly Prezidentimiziň “Arkadag” futbol toparyna sowgat beren awtobusyny synlap, onuň enjamlaşdyrylyşy, özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Täze awtobusyň keşbinde futbol toparynyň nyşany, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň baş bezegine öwrülen Akhan atly şöhratly bedewiň şekili ýerleşdirilipdir.
Häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň nesilleriň sagdynlygy babatda öňe süren başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda futbolyň sazlaşykly ösdürilmegine giň ýol açýar. “Arkadag” futbol toparynyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony bolup, şeýle-de final ýaryşynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz köpugurly sport toplumynda “Arkadag” futbol toparynyň ähli türgenlerini, ýolbaşçylaryny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan ýeňişleri hem-de Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, olara “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi. Milli Liderimiz uly ýeňşe mynasyp bolan futbolçylaryň türkmen sportunyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda täze toparyň futbolçylaryna ýadygärlik hökmünde futbol topuna gol çekip duran suratyny Arkadag şäheriniň futbolçylaryna sowgat gowşurdy we olaryň şu ýylky gazanan ýeňşiniň täze üstünlikleriniň başlangyjydygyny belledi. “Arkadag” futbol toparynyň futbolçylary hormatly Prezidentimiziň topa gol çekip duran suratyny çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul edip, bu sowgadyň özlerini täze ýeňişlere ruhlandyrjakdygyny, onuň toparyň muzeýiniň iň ähmiýetli gymmatlyklarynyň birine öwrüljekdigini buýsanç bilen nygtadylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz täze şäherde sportuň ähli ugurlaryny, şol sanda türkmen futbolyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini we toparyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidiljekdigini belledi. Ýaşlaryň yhlasly bolmaklarynyň, öňde durýan maksada ýetmek ugrunda zerur tagalla etmekleriniň wajypdygyny belläp, hormatly Arkadagymyz ýaşlaryň hemişe işjeň hereketde bolmalydygyny, diňe öňe ymtylmalydyklaryny aýtdy. Her bir adam öz saýlap alan kesp-kärini yzygiderli kämilleşdirmelidir, munuň üçin yhlasyny gaýgyrmaly däldir.

Futbolçylar we toparyň ýolbaşçylary Gahryman Arkadagymyzdan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler. Milli Liderimiz futbolçylaryň haýyşyny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
“Arkadag” futbol toparynyň türgenleri we ýolbaşçylary ajaýyp sowgat üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle-de olar öňde boljak ýaryşlara ykjam taýýarlyk görüp, türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Milli Liderimiz futbolçylaryň has-da kämilleşmegi bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilmelidigini belläp, dünýä ýurtlarynyň futbol toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny yzygiderli guramak bilen baglanyşykly meseleleri işjeň öwrenmegi tabşyrdy. Munuň özi futbolçylaryň tejribe toplamaklary, kämillik derejesiniň ýokarlanmagy, Olimpiýa hereketiniň yzygiderli ösdürilmegi üçin bolşy ýaly, türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynda-da aýratyn ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyz futbolçylara: “Ýeňiş gazanmak siz bilen, alkyşlamak biz bilen!” diýen sözleri aýdyp, olaryň türkmen sportunyň halkara giňişlikde möhüm orun eýelemegi ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi. Milli Liderimiz futbolçylary ýene-de bir gezek gazanan ajaýyp ýeňişleri hem-de Täze ýyl bilen gutlap, olara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz köpugurly sport toplumynyň daşynda “Arkadag” futbol toparynyň yzygiderli türgenleşikleri geçirmekleri, olar üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

2024-01-01732