TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Eisaku ITO, «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasyn...

Eisaku ITO, «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory:

— Kompaniýamyz Türkmenistanda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi. Täze düýbi tutulan toplumyň gurluşygynyň bize ynanylmagy kompaniýamyzyň wekilleri üçin aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr.

2018-nji ýylda Türkiýäniň «GAP Inşaat» we «Mitsubishi Corporation» kompaniýalary bilelikde Garabogazda karbamid öndürýän zawody gurdy. Täze karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny bu kompaniýalaryň bilelikde ýerine ýetirmekleri Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny görkezýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde ykdysady taýdan ösen döwlet hökmünde tanalýar. Ýapon kompaniýalary geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Kompaniýamyz Türkmenistan bilen uzak ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geljekde-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da berkidiljekdigine ynanýaryn.

Abadan we durnukly geljegi gurmak üçin ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda tagalla edýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirýäris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy gutly bolsun!

2025-11-0614