TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Sahawat sakasy Arkadag

Sahawat sakasy Arkadag

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu guramanyň edara binasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň, wise-prezidenti R.Bazarowyň we hukukçy M.Hojamberdiýewanyň hem-de beýlekileriň gatnaşmagynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar, bu gurama tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan bejeriş işleri, şeýle hem gaznanyň halkara hyzmatdaşlygy, onuň Tertipnamasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gazna Esaslandyryjyny girizmek hakynda kararlaryň taslamalary, gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi ýaly meseleler şu günki mejlisiň gün tertibiniň esasynda durýandygyny belledi.

R.Bazarow Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryndan ugur alyp, gaznanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, onuň Tertipnamasyna täzeden seredilendigini hem-de goşmaçalar girizilip, taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi.

Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa häzirki döwre çenli tutuş ýurdumyz boýunça çagalara 700-den gowrak operasiýanyň geçirilendigini we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýa geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi.

Gahryman Arkadagymyz gaznanyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýän işini has-da kämilleşdirmek we onuň gerimini giňeltmek meselelerine ähmiýet bermelidigini belläp, bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we maslahatlaryny berdi.

Mejlisde gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa häzirki döwürde Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyna we beýleki hukuknamalara laýyklykda, çaganyň ýaşamaga, ösmäge, saglygyny goramaga we bilim almaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek hem-de çagalar üçin ýola goýulýan hyzmatlary we berilýän goldawy halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda», şeýle hem gazna Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi barada hasabat bermek üçin gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa söz berdi.

Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr. Amala aşyrýan bu işlerimiz watandaşlarymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda taryhy işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan parz, ynsanperwer, asylly işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik we rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Ynsanperwer kömegi hökmünde mätäç çagalara gerek bolan däri-dermanlary, azyk we iýmit, şeýle hem egin-eşik önümlerini we beýleki durmuşda zerur bolan önümleri ibermeli diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa ähli meseleler boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Biz mundan beýläk-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýaly mukaddes däp-dessurlaryny dowam etdireris diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini jemledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda gaznanyň işiniň häzirki ýagdaýy we onuň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň netijeli dowam etdirilmelidigini belläp, hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden täze şäheriň «Arkadag» seýilgähine tarap ugrady.

«Arkadag» seýilgähinde Gahryman Arkadagymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, «Arkadag» seýilgähinde behişdi bedewleriň, şeýle hem söwda kerweniniň heýkellerini ýerleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdiler.

2025-11-0615