Rysgal-rowaçlyk baýramy
Halkymyzyň gadymdan gelýän ekerançylyk däplerini dünýäniň ösen tejribesi bilen utgaşykly ösdürmek ussat oba hojalyk işgärleriň, edermen babadaýhanlaryň çekýän irginsiz, halal zähmetine gönüden-göni baglydyr. Bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki möhüm oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak üçin döwletimiz tarapyndan daýhanlara berilýän yzygiderli ýeňillikler obasenagat toplumyny ösdürmegiň möhüm guralydyr.
Döwrüň möhüm talaby bolan innowasion tehnologiýalaryň oba hojalyk ulgamynyň düzümlerine işjeň ornaşdyrylmagy pudagy ösdürmegiň binýatlaýyn wezipeleriniň hatarynda durýar.
Ýurdumyzda türkmen topragynyň sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giň gerime eýe bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň bu pudakda başyny başlan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Hasyl toýy ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde giňden ýaýbaňlandyrylyp, onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, zähmetsöýer halkymyzyň gazanýan üstünlikleri wasp edilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylda güýzlük ýumşak bugdaýyň «Şanly» we «Nusaý» sortlary döwlet sort synagyna tabşyryldy. 2023-nji ýylda sort synagyndan üstünlikli geçen güýzlük ýumşak bugdaýyň «Bitarap-25», nohudyň «Bagtyýar», soýanyň «Berkarar» sortlary köpçülikleýin ekilýär. 2024-nji ýylda sort synagyndan üstünlikli geçen «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» sortlary hem önümçilige ornaşdyryldy. 2025-nji ýylda güýzlük ýumşak bugdaýyň «Türkmenistan», tritikaleniň «Paýtagt-140», arpanyň «Hasylly» we «Döwrebap» sortlary giňden ekilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sahawatly türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyly ýygnalyp, Watan harmanyna üstünlikli tabşyryldy. Bu gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşinde Ylmy-barlag däneçilik institutynyň tejribeli alymlarynyň hem saldamly goşandy bar diýsek ýalňyş bolmasa gerek.
Eziz Diýarymyzda her ýyl döwlet derejesinde bellenilýän Hasyl toýy edermen babadaýhanlaryň alyn derini saçyp çekýän halal zähmetine, mähriban topragymyza siňdirýän päk yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup, göwünleri ganatlandyrýar. Şol halal zähmetiň oňyn miweleri rysgal-berekediň altyn çäji, köňülleriň nury bolup, her bir türkmen ojagynyň agzybirlik suprasyny bezeýär. Guşgursak gallanyň, ak altynyň egsilmez baýlygy geljekki ösüşlerimize sary ýolumyza badalgadyr. Bitewülikde, agzybirlikde çekilen joşgunly zähmetiň, ýetilen belent sepgitleriň egsilmez buýsanjyny, şatlygyny bagtyýar halkymyz Hasyl toýunda uludan toýlaýar.
Ýurdumyzy ösdürmegiň üstünlikler bilen gurşalan rowaçly menzillerinde oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we bu ugurdaky maksatnamalaýyn wezipeleri ylmy esasda täze derejelere çykarmak babatda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!







