TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýörelgesi

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýörelgesi

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap Türkmenistanyň halkara syýasaty, ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösüşli ýollar bilen öňe barýar.

Türkmen Bitaraplygynyň taryhyny we hukuk esaslaryny synlanyňda, Bitaraplyk syýasatynyň öz gözbaşyny türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasyndan, durmuş ýörelgelerinden alyp gaýdýandygyny görmek bolýar. Onuň şeýledigine, 1991-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda», 1995-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda», şu ýylyň 19-njy sentýabrynda kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň kadalary we olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda amala aşyrylýan diplomatik-guramaçylyk işleri döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň milli hukuk ulgamyna esaslanýan ýörelgedigini aýdyň şöhlelendirýär. Şonuň bilen birlikde 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnamalary, şeýle-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň goldamagy esasynda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edilmegi, «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamalary döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk binýady bolup durýar. Munuň özi halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň aýdyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Şol esasynda hem Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Başga döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we beýleki ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alyp guraýar.

Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary birsydyrgyn, deňhukukly we iki tarapyň hem peýdasyna hyzmat edýär. Türkmenistan yzygiderli ösýän ýurt, onuň ösmegi üçin ähli şertler bar. Tebigy baýlyklarymyzyň ýeterlik bolmagy, olary özleşdirmegiň barha giňelýän gerimi, hormatly Prezidentimiziň geçirýän özgertmeleri, halkymyzyň agzybirlikde çekýän döredijilikli zähmeti häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna geçmegine mümkinçilikleri güwälendirýär.

Ýurdumyz halkara maslahatlary, forumlary, sport, medeni çäreleri geçirmegiň oňyn tejribesini toplady. Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara çärelerini geçirmek üçin ähli şertler döredilen. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny parasatly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk syýasaty milli bähbitleriň umumadamzat bähbitleri bilen sazlaşygyny, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen döwlet maksatnamalarynyň we strategiýalarynyň utgaşmagyny üpjün edýär.

Bitaraplyga esaslanýan türkmen jemgyýetiniň demokratik, ynsanperwerlik mazmuny hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde gün-günden ösýär. Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ykbaly, geljegi üçin uly ähmiýetli bolan taryhy wezipeleri üstünlikli çözýär, ýagny ösen industrial ykdysadyýetli, demokratik we hukuk döwletli raýat jemgyýetini gurýar. Munuň özi ýurdumyza dünýä ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýeläp, döwletiň içki ösüşleri üçin oňyn daşky şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Bularyň ählisiniň mazmunyndan Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri eriş-argaç bolup geçýär.

Bitarap Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, durmuş-ynsanperwer ugurlarynyň ösüşinde uly üstünlikleri gazanýar. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda dünýäniň ýurtlary we halkara guramalary, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary giň gerime eýe bolýar. Dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşlerine oňaýly täsir edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkara hukugynda we milli hukuk ulgamynda mynasyp orny eýeleýär. Bitaraplygyň nazaryýeti we durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, diplomatik ähmiýeti barada halkara forumlar, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, türkmen bitaraplygy baradaky garaýyşlaryň okuw kitaplarynda we gollanmalarynda beýan edilýändigini, ýörite ylmy işleriň, makalalaryň yzygiderli ýazylýandygyny bellemek bolar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň tejribesini öwrenmäge dünýä ýurtlarynyň alymlary, syýasatşynaslary uly gyzyklanma bildirýärler.

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy hem-de baýramçylyk çäreleri halkymyzyň abadan durmuşynyň, ählumumy asudalygyň, durnukly ösüşiň bähbidine dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň, türkmen Bitaraplygynyň bütin dünýä uzaýan egsilmejek parahatçylyk dörediji kuwwatynyň täze sahypasynyň aýdyň nusgasy bolar.

2025-11-066