TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Haýyr-sahawat hikmeti

Haýyr-sahawat hikmeti

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan:

Haýyr-sahawatly bolmagyň iň hikmetli taraplarynyň biri-de şu: biz özgelere ýagşylyk etmek arkaly öz durmuşymyzyň hem has gowulaşmagyny gazanýarys.

Gadymy eserlerde «Ýarawsyzlyk, ejizlik hassa mätäçler üçin däl-de, eýsem, olaryň töwereginde gezip ýören sagdyn adamlar üçin has uly synagdyr. Beýlekileriň ykbalyna duýgudaş bolmak ýa-da bolmazlyk adamkärçilik mertebesini kesgitleýän guraldyr» diýen sözler bar.

* * *

Ynsan ykballary birmeňzeş bolmaýar. Bagtly adamlar köp, ýöne durmuş synaglaryna duçar bolýan, ejiz, ýarawsyz ýa-da ata-enäniň mährinden ir galyp, durmuşyň ajysyny datmaly bolýan ynsanlar hem bar. Şonuň üçin hem ejizi, ýetim-ýesiri goldamak, oňa eliňden gelen kömegiňi berip, ýardam etmek ýaly adamkärçilik ýörelgesi biziň üçin kada öwrülipdir.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ata-babalarymyzyň şol asylly ýörelgeleriniň gaýmagyny özünde jemleýär. Kömege, mähre mätäç çagalara hoşgylaw bakmak, olaryň aladasyny etmek, il hataryna goşmak, olary jemgyýetçilik terbiýesi bilen gurşamak türkmen halkyna mahsus milli däpleriň biridir.

Müňýyllyklara uzaýan şöhratly geçmişimizde ata-babalarymyzyň hem hut şeýle hörpden gopandygyny teswirleýän, tassyklaýan taryhy maglumatlar bar. Olaryň käbirini okyjym bilen paýlaşmak isleýärin.

Beýik Gaznalylar, Garahanlylar, Seljuklylar, Horezmşalar, Memluklar, Osmanlylar, Akgoýunlylar we Garagoýunlylar, Deli soltanlygy, mahlasy, türkmen halkynyň döwlet guran ähli giňişliklerinde ýardama mätäç çagalara hemaýat etmek, olary kemala getirmek iň haýyrly hem-de sogaply amallaryň biri hasap edilipdir. Olar üçin mümkin bolan şertleri döretmek gözden salynmandyr. Üstesine, şeýle ynsanlara ýardamda bolmagyň haýyrsöýer ynsanlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has gowulaşmagyna sebäp bolýandygyna, rysgal-bereketleriniň köpelip başlaýandygyna ylmy esasda göz ýetiripdirler. Haýyr-sahawat hikmetini Arşdan ýollanan we her ynsanyň bagtly bolmagy, ýalkanmagy üçin iň gowy mümkinçilik hökmünde görüpdirler.

* * *

Il içinde «Sadakanyň kabul bolmagy», «Sadakanyň ýerine düşmegi» ýaly düşünjeler bar. Gözüň ýetip duran ýerine haýyr-yhsanda bolmak, ýagşylyk etmek derwaýys. «Ýaşyryn sadakalaryň sogaby bolsa açyk‑äşgär berilýän sadakalardan ýüz‑müň esse haýyrly hasaplanylýar» diýýärler.

Ata-babalarymyzyň ürç edip okan «Bereket kitaby» atly eserinde: «Köp sadaka bermek, sahy‑jomartlyk, mal-mülküňi, puluňy ýagşy zatlara harç etmek berekediň zyýada bolmagyna sebäp bolýar» diýlip ýazylan. «Ýagşy ýollara sarp eden her bir zadyňyzyň deregine Perwerdigär şondan gowusyny hem-de birnäçe essesini eçiler», «Sadaka rysgaly giňeldýär», «Haýyr-sahawat, sadaka ömrüňi we baýlygyňy zyýada edýär», «Sadaka beriň — Hakyň ryzasyny gazanyň! Bir-biregiň synyk göwünlerini seýikläň, ýardam edişiň, arkalaşyň, şeýtseňiz, Biribar size bol-bol rysgal berer», «Sadaka baýlyklaryň berekedidir» diýen ýaly köp sanly çuňňur manyly sözler bar.

2025-11-0615