TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ekologiýa we abadançylyk

Ekologiýa we abadançylyk

2015-nji ýylda Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler bilelikde 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny kabul etdi. Durnukly ösüş maksatlary 17 sany maksady öz içine alyp, ähli ugurlar boýunça halkara derejede alnyp barylmaly işler göz öňünde tutulýar. Ine, şu ýerde aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem öňde goýlan maksatlaryň aglaba bölegi suwdan, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, gury ýer we deňiz ekologik ulgamyny gorap saklamak we howanyň üýtgemegine garşy göreş meseleleri bolup durýar.

Elbetde, biziň ýurdumyzda bu maksatlaryň çäklerinde alnyp barylýan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli tokaý maksatnamasy, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, gurulýan desgalaryň ekologik talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak, tebigata zyýanly zyňyndylary düýpli azaltmak, galyndylary dolandyrmagyň netijeliligini artdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek we adamlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak bilen bagly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzda her ýylda iki gezek köpçülikleýin bag ekiş dabaralary geçirilýär. Onda ýurdumyz boýunça dürli görnüşli bag nahallarynyň millionlarçasy oturdylýar we öňki bar bolanlara ideg işleri alnyp barylýar. Oturdylýan pürli, saýaly we miweli agaçlar emeli tokaý zolagyny, arassa howa gurşawyny döredýär. Bag Zeminiň gözelligi bolup, ýaşaýşymyza peýdasy örän uludyr. Ol howany arassalaýar, yssyda saýa bolýar, şäherlerimize, obalarymyza bezeg berýär. Adam saglygyna peýdaly täsir edýär. Miweli baglardan alynýan bol hasyl ak bazarlarymyzy we saçaklarymyzy bezeýär.

Ata-babalarymyz hem baga uly hormat goýupdyr. Elmydama tebigat bilen ysnyşykly ýaşapdyrlar. Bag ekmegi sogap iş hasaplap, bu asylly ýörelgäni nesillerden-nesillere geçiripdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ekologiýa terbiýesine bag-agaç nahallaryny oturtmaklygam degişli. Agaç ekmegiň sogaby, haýry ir döwürlerden bäri meşhur we ol çagalykdan aňymyza guýulýan terbiýeleriň biri» diýip belleýär.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ýaly asylly işler Arkadag şäherinde hem alnyp barylýar. Şäher ekologiýa taýdan arassa bolmak bilen, dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Dag eteginiň arassa howasy, seýilgähleri we köp dürli baglary bu ajaýyp şähere gelen adamlarda, daşary ýurtly myhmanlarda uly täsir galdyrýar. Daşky gurşawa zyýansyz elektrobuslaryň we elektromobilleriň hereket etmegi bolsa has hem bellenmäge mynasyp. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mart aýynda Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygy üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejedäki ykrarydyr.

2025-11-064