Häzirki zaman infrastrukturasynyň nusgasy
3-4-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat geçirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň guran giň gerimli sergisi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk şüweleňini has-da artdyrdy.
Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen kärhananyň öndürýän pamyk taýajyklary, agyz-burun örtükleri, başgaplary, halatlary, aýakgap örtükleri we beýleki serişdeleri saglygy goraýyşda gerekli önümler bolup durýar. Şeýle-de kärhana tarapyndan öndürilýän çagalar üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň dürli görnüşleri halkyň islegli harytlarynyň birine öwrüldi. Elbetde, dünýä standartlaryna kybap gelýän şeýle ýokary hilli önümler elmydama gerekli önümleriň hataryny düzýär. Arkadag şäheriniň pawilýony bu aýratynlyklary dolulygyna açyp görkezdi. Şeýle hem Milli Liderimiziň ylhamyndan dörän Arkadag şäheriniň gazananlaryny wasp edýän köp öwüşginli wideoşekiller hem sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi
Forum «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynda durnukly ösüşe ugrukdyrylýan maýa goýumlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi» atly plenar mejlis bilen öz işini dowam etdi. Mejlise ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Plenar mejlisiniň ahyrynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ösüş strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzda gurluşyk işlerini alyp barmakda, gurluşyga innowasion hem-de «akylly» infrastruktura çözgütlerini ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän döredijilikli we netijeli işler üçin Arkadag şäherine ýokary baha berilýändigi baradaky Şahadatnama we ýörite nyşan gowşuryldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan binýat bolan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gazanýan üstünlikleriniň ýene-de bir aýdyň güwäsidir.







