TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Bagban bagyndan belli

Bagban bagyndan belli

Bag ekmegiň güýzki möwsümine ykjam taýýarlyk görülýän döwürde Arkadag şäheriniň bagbanlary hem baglara ideg etmekde, timarlamakda janaýamazakly zähmet çekýärler. Boý alyp barýan baglar bilen bezelen «ýaşyl» şäheriň köçelerinden ýöräp barýarkaň, daragtlara timar berýän bagbanlara gözüň düşýär. Şeýle bagbanlaryň biri hem Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginiň bag idedijisi Şirnepes Amakowdyr. Bu ýigit 2017-nji ýyldan bäri bagban bolup dürli ýerlerde işländigini, 2024-nji ýyldan bäri bolsa Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginde zähmet ýoluny dowam etdirip gelýändigini aýtdy.

— Oglanlykdan baglar bilen höwrükdim. Ynha, indem bagban bolup, ösüp oturan baglar bilen iş salşyp ýörün. Bagbançylygyň özüne ýetik syrlary bar. Ilki bilen, her bir daragtyň diline düşünmek, olara serenjam bermek, ideg etmek gyzykly hem hysyrdyly iş. Arkadag şäheriniň görküne görk goşmakdan ötri, baglara çyrpym arkaly dürli şekilleri bermek köçeleriň ugrunda, bag ekilen meýdançalarda boý alyp barýan agaçlaryň şähere gözellik üste gözellik bermegine getirýär.

Daragtlaryň çyrpym işleri her ýylyň güýz aýynda amala aşyrylýar. Bu bolsa bezeg agaçlaryna mahsus möwsümdir. Güýz aýynda tut, türk almasy ýaly ýapraklaryny dökýän agaçlardan başga-da, bagbanlaryň öz aralarynda atlandyryşy ýaly, mawy selbi, topmazy ýaly pürlerini dökmeýän agaçlar güýz çyrpymyna degişlidir. Bu agaçlaryň arasynda burma şekilli, şeýle-de aşaky gatlagy dörtburç, aralyk gatlagy üçburç, iň ýokarky gatlagy bolsa şar şekili berlen mawy selbi agajynda bezeg şekilleri geçirilýär.

Baga ideg etmegiň ýene bir wajyp ýagdaýy bar. Bu bolsa baglary suwarmak zerurlygydyr. Elbetde, güýz, gyş pasyllarynda suw tutulmazak bolýar diýilse-de, ýagyn ýagman, toprakda yzgar bolmasa, ýaşap oturan agaçlara gündiz suw tutulýar. Ýöne gyş sowlup, ýazyň ahyrlarynda hem-de tutuş tomus paslynda weli, her gün gijesine suw tutulýar. Bu bolsa agaçlaryň dowamly boý almagyna peýdalydyr. Gojalaryň aýtmagyna görä, baglary idetmek iň bir wajyp işdir.

Arkadag şäherinde bag ekilen meýdançalary synlanyňda Şirnepes ýaly bagbanlaryň asylly işleri kalbyňda begenç duýgularyny döredýär. Ýanýodalaryň boýlaryna ekilen, göwdesiniň aşak başyndan ýokarlygyna çyrpylyp, şar şekili döredilen akasiýalary diýjekmi ýa-da mawy selbi bilen topmazy agajynyň başaşa ekilen ýerleri diýjekmi?! Bularyň haýsyny bije başy etjek. Bularyň hemmesi jem bolup, Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasyndan dörän Arkadag şäherine özboluşly aýratyn gözellik goşýar.

2025-11-064