TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň ...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

8-nji sentýabrda Astana iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenitsanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşmak, deňhukuklylyk hem-de milli bähbitleri özara nazara almak bilen ýola goýulýan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Özara ynanyşmak we netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem söhbetdeşler dürli görnüşlerde, şol sanda abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalar netijesinde soňky ýyllarda türkmen-gazagystan gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýokary derejesine ýetildi. Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, biziň ýurtlarymyz deňhukuklylyk, hormat goýmak we özara goldaw esasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, taraplar kanagatlanma bilen bellediler we hyzmatdaşlygyň döwrüň talabyna laýyklykda hem-de iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmelidigini nygtadylar.

Häzirki wagtda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Söwda, nebitgaz toplumy, oba hojalyk, energetika we beýleki pudaklar geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

2024-09-09369