
Sagdyn durmuşy berkidip
Zyýanly endikleriň hataryna girýän temmäkiniň ulanylmagy häzirki wagtda dünýäde derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda temmäkä garşy göreş çäreleri yzygiderli dowam etdirilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we temmäkä garşy göreşmek, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda Temmäkä garşy bütindünýä göreş güni mynasybetli her ýylyň maý aýynyň 1 — 31-i aralygynda biraýlyk çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Zyýanly endikleriň getirip biläýjek her dürli keselleri we ýaş maşgalalaryň dargamagyna hem-de dürli ýangyn heläkçiligine getirip bilýändigi barada Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň, hukuk goraýjy we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri bilen bilelikde wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilerlemegine, dogry iýmitlenmegiň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň saglygy, hususan-da, ýaşlaryň sagdyn kemala gelmegi üçin edilýän aladalardyr.
Temmäki adamlaryň saglygyna, durmuşyna, galyberse-de, ösüşine ýaramaz täsirini ýetirýär. Onuň zyýanly täsiri barada aýdylanda, ilki bilen, dem alyş ýollarynyň, ýagny öýkeniň obsruktiw keseline hem-de agyz boşlugynyň we dem alyş ýollarynyň howply täze döremelerine getirip bilýändigini bellemek gerek. Şeýle hem temmäki adamyň iýmit siňdiriş ulgamynyň işjeňligini peseldýär. Ýüreginiň işjeňligi güýçlenip, gan basyşy beýgelýär. Gemoglobin belogyna baý bolan gan öýjükleriniň kislorod bilen baýlaşmasynyň hili pese gaçýar. Adam bedeniniň agzalaryny dowamly kislorod ýetmezçiligi ýagdaýyna sezewar edýär. Dowamly öýken keseliniň döremegine hem-de dem gysma we üsgülewügiň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin her bir adamyň bu zyýanly endikden daşda durmagy gerekdir.
Türkmenistan 2011-nji ýylda BSGG-niň Temmäkiniň üstünden gözegçilik etmek baradaky konwensiýasyna goşuldy we ondan soňra ýurdumyzy temmäkiden azat etmek boýunça birnäçe maksatnamalar kabul edildi. Ol babatda oňyn netijeler gazanyldy.