Agzybirlikde asylly iş
9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şol gün sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem asylly däbe eýerilip, ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylykda geçirildi.
Oňa şäheriň degişli ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, sport, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, talyp ýaşlar gatnaşdy.
Ir säher bilen asylly başlangyçlardan gözbaş alýan möhüm ekologik çäresi ýüzlerçe Arkadaglylary bir ýere jemledi. Şäheriň Akhan binasynyň töweregi has-da köp adamly bolup, bu ýerde degişli ýolbaşçylar, edara-kärhanalaryň işgärleri we ýaşaýjylar agzybirlik bilen bag nahallaryny oturtmak işlerine guramaçylykly girişdiler. Geçen ýyl Arkadag şäherinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, Milli tokaý maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan şeýle ekologik çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda badalga berlendigi örän buýsandyryjydyr. Şu gezekki bag ekmek çäresi halkymyzyň synmaz bitewüligini, jebisligini, asylly işlere ygrarlydygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
«Akylly» şäheriň gözel künjeklerinde ekilýän bag nahallary bu künjegiň toprak-howa şertlerine doly gabat gelýär. Bu ýerleriň tebigaty, ekologik gurşawy we howasy jana tenekarlygy bilen tapawutlanýar. Täze ekilen bag nahallary bolsa ajaýyp görke eýe bolan şäheriň gözelligini has-da artdyrar. Şäherde daşky gurşawyň köpdürlüligini goramak we baýlaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Baglary suwarmakda damjalaýyn usulyň ulanylmagy bolsa ekologik abadançylygy üpjün etmekde örän ähmiýetlidir. Täze şäheriň ekologiýa abadançylygy ugrundaky işler bolsa halkara derejede ýokary ykrarnama eýe bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynda ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilýär.