TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Öýden işe çenli ýa-da Arkadag şäheriniň höziri hakda mesawy ...

Öýden işe çenli ýa-da Arkadag şäheriniň höziri hakda mesawy söhbet

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Arkadag şäheriniň gurulmagy bilen, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi.

 

Şeýle şäher nirede bar?! «Akylly» kemi ýok. Ýaşaýyş jaýlary bilen iş edaralarynyň egin deňläp, biri-birine golaý-goltumda gurulmagy ýaşaýjylar üçin amatlyk. Bu tüýs her kimiň ýetibilmeýäni. Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmazy. Gysga wagtda gurlan şäherde şeýle mümkinçilikler hiç kimiň oýuna-küýüne-de gelmez. Gahryman Arkadagymyz «ýedi ölçäp, bir kesip», binagärligiň anygyna-aňyrsyna ýetip, adam üçin oňaýlylyklary durmuşa geçirýär. Şäheriň eşreti köp. Ilki bilen, akyla parasat kylyp, oňa bakmaly.

Täzeje şäher — täze durmuş. Täze işli bolmak, täze jaýly bolmak, täze goňşuly bolmak, täze şäherli bolmak.., bu ýerde gözüňe ilen islendik zat seniň üçin täze. Göýä erteki. Erteki erteki bolýan bolsa, ondaky taryplanýan mekanda özüň ýaşamak niçikdir öýdýäňiz?! Ony Arkadaglylardan soraň. Olar: «Arkadagly bolduk — arkaly bolduk!» diýişýärler. Buýsana-buýsana, henizem ynanyp bilenoklar. Sesleri ho-ol Märkaw dagynda ýaňlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Meniň bar aladam halkym bolar» diýip, müňlerçe hojalygyň durmuşyny gülletmegi, ene-atanyň çagalaryna bolan öýli-işikli etmek borjuny bitirmegi, ýaşlaryň ömründäki iň uly arzuwyny 20 — 25 ýaşlarynda görmekleri, öz-özünden bolaýýan zatlar däl. Bularyň aňyrsynda Milli Liderimiziň ymgyr yhlasy bar.

Diňe şäher içi däl, öýüň içem eşret. Gapydan gireniňden öýüň özi saňa geldiňmi diýýän ýaly, onuň aýratyn ýyly mähiri bar. Eýwanyndan otaglaryna çenli giň-giň öýler, çagalardyr myhman jaýlaryna çenli ähli zat ölçerilip biçilen. Aşhana tekjesini gurdurmak gerek däl. Höwesine çäýnek-çemçäňi örübermeli. Nahar bişirilýän ýüzi aýnaly tokly peç telefon oýnan ýaly. Düwmesine eliňi uzadybildigiň ýalpyldap gyzyberýär. Gap-çanaklaryňam gap ýuwujynyň içine atybilseň boldugy, azary-bizary ýok, sähel salymda ondan çykan gapda ýüzüň görnüp durandyr. Sowadyjysy dagam kiçi-girim zat däl, adam boýundan mähnet. Içerini serginlediji hem tomsuna sowuk kemini goýanok, gyşyna-da gor ýaly ýyly üfleýär. Oturan ýeriňdenem bir otursaň turasyň gelmez. Göze görünmez aşakdan geçýän geçirijiler hem bularyň üstüni ýetirer. Göze görner-görünmez ähli zat seniň hyzmatyňda. Telewizoryňy toguna dürtübilseň boldy, týunersiz görkezip dur. «Antençileri» çagyryp, ýörite enjam gurnadyp, internet çekdirmegiň geregi ýok. Ulgam merkezleşdirilen. El telefonyňdan, telewizoryňdan internete giribermeli. Depe diwardaky kömelek ýalyjak tilsimçeler hem merkezleşdirilip, öýüň howpsuzlygyny awtomatik halda habar berýär.

Diňe 4-5 otag däl, liftden 0-njy gatyna düşeniňde, her öýe niýetlenen goş-golam goýulýan ýerzemin otagçasyna deňiç öňünden aladasy edilipdir. Howluda çagalar üçin gurlan meýdançalaryň-da sany-sajagy ýok. Agşamara çagalar «Heýjan elek, jan elek» diýip hiňňildiklerde uçup-uçup heziller edýärler. Wagtyň birçene barandygyny-da bilenoklar. Diý-goýaý, öýe ýygnanaslary gelenok. Hiňňildiklerem çagalaryň atygsaýan kalpjygyna bat goşup, olary göwün solpusyndan çykarýar. Göwünlerini alaga-da göge göterýär.

Awtogoýalgasyna çenli girim-çykymynda düwme bilen dolandyrylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň bar ýerinde çagalar baglary hem olaryň alkymynda gurlupdyr. Golaýyň-golaýjagy. Töwerek-daşyň hem dükandan doly.

Ýola çykanyňda dagy elektrobusyň içi saňa tomus diýdirmeýär. Elektrobuslara, elektrotaksilere çenli «akylly». Ses-üýni ýok. Olara aýagyňy atsaň, haçan ugranyny bilmersiň. Ynha, müneniň ýaňydyr. Yramaz-ynjytmaz. Barmaly ýeriňde häzirsiň. Içiniň eşreti üçin ondan düşesiň gelmez. Eger telefonyň güýji azalan bolsa, ony oturgyjyň gapdalyndaky ötürtmä dakyp, dolduryp barmaly. Öýüňe bararyňa garaşyp ýörmeli däl. Ýaşaýjylar «şeýle eşreti eçilen Arkadagymyzyň ömri uzak bolsun!» diýip ýaşaýarlar.

Öýüňden işiň görünýär, işiňdenem öýüň. Gatyrak gygyrsaň eşidiläýjegem. Onsoň şäher diýjekmi, şäherjan-la bu. Hözire hezil edip işläbermeli. Şertler güýjüňe güýç goşýar. Şäher şähdiňi açýar. Ruhuňy göterýär. Hanha, binalaryň depesinde «Ruhy baýlyk», «Halkyň kalby» diýlip ýazylypdyr. Binalara dil biten ýaly, özleri sözleşýäne meňzeş. Elbetde, bu ýerde ýaşamak, olara ruhy baýlykdyr. Elbetde, halk şäheri kalbyna deňeýär. Onsoň jenneti şäheriň adynyň hem alyp göterilip, asmanyň çür depesindäki ýyldyza-da Arkadag adynyň goýulmagy tötänlik däldir.

10 minutlyk ýol

Öýüňden işiň, işiňden öýüň görünýän bolsa oňa ýetesi näme bar. Arkadag şäheriniň işgärlerine ulaga münüp işe gitmegiň eger-eger hajaty ýok. Pyýada ýöremek olara adat. Arada şeýle işgärleriň biri: «Göçüp gelip indi pyýada gatnaýan. Iki ädim ýere ulagyňy işledeniňe degenok. Goýup gaýdaýýan. Şu şähere gelip, ulag edinmek gerek däl ýalam» diýipdi. Dogry, şeýdilende, ekologiýa abadançylygy üçin-de goşant. Hem saglyk-beglik, hem hereket-bereket. Bereket diýlende wagt tygşytlylygyndan başlap, jübiň tygşytlylygyna çenli ýol gysgalygy ýolagçy üçin — bähbit. Asyl, öňem pyýada ýola çykyp, işe gidýän bolsaň, iş ulagyna ýa-da esli ýöräp duralga baryp awtobusa garaşma aladaň-ha ýok. Şäherime döneýin diýip, görnüp duran işiňe seredip, oňa keýpine ýöräp barybermeli. Bereket — döredilen mümkinçiliklere düşünmekde. Onuň gadyryna gymmat bilen bakmakda.

Öýüňden işiňe çenli 10 minutlyk ýol diýilse, megerem, birbada geňräk eşidilmegem mümkin. Rast, «akylly» şäherliler üçin bu ýöne adaty ýagdaý. Bu ýeriň mümkinçilikleri hem özi ýaly: gysga wagtda gurluşy ýaly, ähli göz öňüne tutulmalary hem halkyň islegini gysga wagtda bitirýär. 10 minutlyk ýol diýmek, bu dilde aňsat. Munuň aňyrsynda şäheriň şäher şekilli bolmagynda ägirt uly ummasyz işler görnüp dur. Şäheriň özi hem wagt tygşytlylygynda sähel wagtda bina edildi. «Akylly» şäher boldy.

Akyl bar ýere akyl ýetirjek bolmaly. Habary bärik göçüp gelen, öň ýaşan ýerinden işi golaý bolmadyklardan alalyň. Çünki ýoly ýörän bilýär. Olar säher sagat 6-7-lere eýýäm iş diýip çykyp, ýoldadyklaryny ýatlaýarlar. Indi Arkadag şäherine gelip, eşret eýesidiklerini aýdýarlar.

Arkadaglylar 9-a 10 minut galyberýänçä öýüniň işe golaýlygyndan arkaýyn. Iş diýip, başga bir ýere wagt hasaplap gitmek aladasy ýok. Asyl ýol aladasy ýok. Işim inejikge diýip öý işlerine çenli howlukman ýetişer. Hatda çagasyny taýagatym ýerde ýerleşýän çagalar bagyna eltip, gaýdyşyn gerek bolsa dükana hem sowlup geçer. Işden öňinçä ýene öýüne sowlup ýetişmäge-de wagty bardyr. Ösýän döwürde wagt iň gymmat zat. Sebäbi wagt artykmajy bilen bolanda, işlemäge-de, döretmäge-de mümkinçilik şonça uly.

Işe gelip, lifte münseňem ol gara gadyr. Özi dilleniberýär. «Второй этаж...» diýip, daşary ýurt dillerine çenli gepläp, adam ýaly akylly.

Işden gaýdyp barýan hem bolsaň, «gaýdyp barýan» diýmeli däl. Sähel-salym daşary çykdym diýmeli. Eger ýolda tanyş-biliş diýip, onuň bilen gümür-ýamyr edip ýöräýseň, öýüň deňinden geçip gitmegem geň däl. Sözüň gysgasy ýagşy. Ýoluňam.

Bu ýerde işiň-öýüň golaýlygy ýol ýadawlygy diýdirmeýär. Şeýle şertde asyl ýadawlyk diýilýän zat ýadyňa düşmese nätjek. Hemişe ýaňy ýuwlan ýaly lowurdap duran pyýada ýollardan ýöredigiňçe ýöräsiň gelýär. Asudaja şäher. Pyýada ýoldaky üsti digir-digir sary zolaklaryň hem özüne ýetik manysy bar. Ol sahawatly şäherde mümkinçiligi çäkliler üçin göz öňüne tutulan. Ýerüsti geçelgelerem adaty däl. Jaýlardaky ýaly liftli.

Garaz, ýola çykybilseň bolýar, peýwagtyna ýöräbermeli. Ulaglaram «akylly» bolansoň, ses-sedasy ýok. Deňiňden ep-esli geçip gideninden soň bilip galýarsyň. Şäheriň ýollarynyň pamyk deý päkligi ädimiňe bat goşýar. Onsoň diňe işe däl, onuň islendik künjüne pyýadalanyňda-da ol ýere nädip baranyňy hem bilmeýärsiň. Lezzeti başgadyr. Bu şäher diňe ýaşamagyň däl-de, dynç alyp işlemegiň we ýaşamagyň şäheri diýesiň gelýär. Onsoňam, Arkadag şäherine işe gelip, jaýly bolanyň diňe bir özümi, ýok, maşgalasy üçinem täze iş orunlarynyň açylmagy bu şäheriň rysgal-berekediň, döwletliligiň şäheridigini buşlaýar. «Täze şäherden döwlet tapdyk, ojagymyza döwlet getirdi» diýip, döwlet ähmiýetli şähere begenjini-buýsanjyny dünýä inen perzendiniň adyna çenli ýanap Döwlet diýip at goýan maşgalalar hem bar.

Şeýle şäher nirede bar?! Onuň bu höziri Milli Liderimiziň halkyna şeýle eşreti rowa görmegidir, sowgady-serpaýydyr. Arkadagly bolmak — Arkadagymyzyň ynamydyr. Ynam hökman ödelmelidir. Ynam — mukaddesdir. Ynam — ynsançylyk borjuňdur. Döwletiň öňündäki jogapkärçiligiňdir. Muny Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda şeýle beýanda jaýdar teswirleýär: «...meniň çuňňur ynanjyma görä, her bir adam öz geçen ýoly, şu güni, geljegi barada çynlakaý we düýpli oýlanmalydyr. Men şunça ýoly nähili geçdim? Nämeleri bitirdim? Şu gün nähili bolmaly, nämeleri etmeli? Galan ömrümi nähili ýaşamaly? Ine, şeýle soraglary, kärine we derejesine seretmezden, her bir ynsan öz-özüne bermelidir. Men bu ýagdaýa ynsançylyk borjy diýip düşünýärin. Aslynda, meniň pikirimçe, hakyky ynsan boljak bolsaň, mydama öz-özüňden hasabat sorap ýaşamaly. Bu ýagdaý her ynsanyň öz-özüni açmagy, özüniň nädogry hem dogry ädimlerine, asgyn hem üstün taraplaryna düşünmegi, eden hem edip ýetişmedik işlerini seljermegi, ýalňyşmazlygy, geljegini kämil kesgitlemegi, dogry ýoldan gitmegi üçin möhüm pursatdyr».

Guwanç MÄMIÝEW.
«Arkadag».

2024-08-071153