
Çagalar bilen durmuş çag
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda beýik ösüşlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Ol bolsa halkymyzda bedew bady bilen deňelýär. Halkymyzyň diňe bir şu gününiň däl, eýsem, geljeginiň hem röwşen bolmagy üçin aladalar edilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji gününde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy-da onuň aýdyň güwäsidir.
Türkmeniň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri bu günki gün rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan wagtyndan bäri, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga möhüm lukmançylyk operasiýalary geçirildi. Saglygy goraýyş edaralary üçin döwrebap enjamlar satyn alyndy. Haýyr-sahawat gaznasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy hem çagalara aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň we taglymlarynyň dabaralanýandygynyň aýdyň mysalydyr. Şoňa görä-de, çagalary we ýaşlary hemmetaraplaýyn terbiýelemek işi, ilkinji nobatda, taryha, däp-dessurlara, ata-babalarymyzyň tejribesine, asyrlar aşyp gelýän ahlak ýörelgelerine esaslanýar.
Her baýramçylykda hem-de belli senelerde ýurdumyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän, sagaldyş-dikeldiş merkezlerinde saglygyny dikeldýän çagalara hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar yzygiderli gowşurylýar. Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabaranyň çäklerinde hem çagalar dürli süýjüliklerden we naz-nygmatlardan, okuw esbaplaryndan, interaktiw serişdelerden ybarat bolan sowgatlary uly hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalara ilkinji gezek saz gurallary hem sowgat berildi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesillerde döredijilik ukybyny ösdürmek, olaryň aýdym-saza höwesini artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň nyşanydyr.
Körpe nesilleriň bu çärede taýýarlan Täze ýyl çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň iberen sowgatlary we naz-nygmatlary üçin hoşallyklary we alkyşlary beýan edildi. Olaryň ýüzündäki ýylgyryş dünýämiziň parahatçylyk söýüjilikli adyl syýasatyna esas bolýan haýyr-sahawatlylyk işleriniň durmuşa geçýändiginiň alamatydyr. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Ynsanperwerlik ýörelgelerimiziň rowaçlanmagynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, Watanymyzyň geljegi bolan körpe nesillerimize giň mümkinçilikler döredip bermekde alyp barýan asylly işleri dowamat-dowam bolsun!







