TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Guşlar deý ganat açsyn göwünleriň şatlygy!

Guşlar deý ganat açsyn göwünleriň şatlygy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni toý-baýrama, şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslenip gelýär. Ýakynda Diýarymyzda hemmelere şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän Täze ýyl baýramy garşylandy. Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tamamlanyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bosagasyndan ätlendi. Bu ýyly halkymyz, şol sanda sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem ýagşy arzuw-umytlara besläp garşy aldy. Munuň şeýledigini Täze ýylyň şanyna geçirilen dabaralar aýdyňlygy bilen görkezdi.

Däp bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň ilkinji güni Arkadag şäheriniň merkezi meýdançasynda baýdak galdyrmak dabarasy bilen başlady. Oňa Arkadag şäheriniň ýolbaşçy düzümleri, zähmetsöýer işgärleri, agzybir ýaşaýjylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döwlet senamyzyň astynda al-asmana galdyrylan mukaddes tugumyz berkarar Watanymyzyň ýagty ertirlerini alamatlandyryp, adamlaryň ruhuny belende göterdi. Çykyş edenler Gahryman

Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, türkmen halkyny nurana baýram bilen gutladylar. Geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet durmuşynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, täze ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynda çuňňur mazmunyň bardygyny, onuň ýurdumyza, halkymyza uly üstünlik getirjek ýyl boljakdygyny alamatlandyrýandygyny nygtadylar. Şeýle-de eziz Diýarymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada gurlan Baş arçanyň ýanynda dowam etdi. Bu ýerde şatlyk-şowhun döredýän ýaş Arkadaglylar, şäheriň gözelligini synlamaga gelen myhmanlar özboluşly baýramçylyk ruhuny döretdi. Çagalar Aýazbabadyr Garpamyk bilen bilelikde aýdym aýdyp, tans edip, arçanyň daşyndan aýlandylar. Bu şadyýan pursatlar olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan çykyşlary, adamlaryň bir-birege aýdýan arzuwlary ildeşlerimize Täze ýyl şatlygyny bagyşlady. Ýurdumyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary baýramçylyga özboluşly sowgat boldy. Aýdym-sazlar bilen utgaşyklylykda dürli reňkli howa şarlarynyň asmana uçurylmagy, Aýazbabadan sowgatlaryny alan bagtyýar çagalaryň hoşwagtlygy şanly senäniň hormatyna guralan baýramçylyk çäreleriniň uly şowhuna beslenendigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.Çagalar özleri barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli düýn Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde geçirilen sirk tomaşasy hem çagalaryň şatlyk-şowhunyna beslendi. Ýaş Arkadaglylar akrobatlaryň, gimnastlaryň, darbazlaryň, žonglýorlaryň, artistleriň ýatdan çykmajak gülküli oýunlaryna, dünýä meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Baýramçylyk çykyşlary çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Goý, täze, 2026-njy — «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem rysgal-bereketli, düşümli ýyllaryň biri bolsun! Türkmeniň döredijilik gudraty bolup dünýäde tanalýan Arkadag şäheri güllesin, gül açsyn! Gahryman Arkadagymyzyň sungat eseri bolan «akylly» şäheriň mertebeli menzilleri dowamat-dowam bolsun! Türkmen halkyny mundan-da röwşen ertirlere ynamly alyp barýan, Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä dolduran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

2026-01-0716