TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýaş nesiller, ýaş zehinler

Ýaş nesiller, ýaş zehinler

Öňňin paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda şadyýan çagalaryň gülki sesleri alyslara ýaň saldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden, şol sanda Arkadag şäherinden hem ýaş zehinler gatnaşdylar.

18 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilýän bu baýragyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi» diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşantlaryny goşýan, ýokary döredijilik başarnygy bolan zehinli çagalary we çagalaryň döredijilik toparlaryny sylaglamakdan we olaryň watansöýüjilik ruhuny has-da beýgeltmekden ybarat.

Şu nukdaýnazardan, bu baýraga ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri — ýaş zehinler eýe bolýarlar. Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäherinden bu baýraga şäheriň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 3-nji synp okuwçylary Zyýada Ataýewa, Gülnar Gurbangulyýewa, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Aýmährem Agaýewa hem-de 5-nji synp okuwçysy Jeýhun Allaberdiýew dagy mynasyp boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň 150 orunlyk çagalar bakja-bagynyň körpeler toparynyň bu baýraga mynasyp bolmagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir çaganyň üns-alada bilen gurşalýandygyny aýdyň görkezýär.

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýaşajyk türkmenistanlylaryň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary we tanslary bezedi. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik özgertmeleri, bagtyýar çagalyk belent heňde wasp edildi. Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary Aýazbabadyr Garpamygyň, ertekileriň gahrymanlarynyň keşbini janlandyranlaryň bu ýere ýygnanmagy bolsa, çagalaryň joşgunyny artdyrdy.

2026-01-0773