
Arkadag — 2025: taryhy wakalar, taryhy seneler
Hormatly okyjylar, Arkadag şäheriniň taryhy bilen bagly seneler däp bolşuna görä, eýýäm birnäçe ýyl bäri «Arkadag» gazetinde toplumlaýyn çap edilýär. Bu gezekki dykgatyňyza ýetirilen maglumatlar gazetiň mundan öňki 1-nji, 29-njy, 82-nji sanlarynda çap bolan «akylly» şäheriň şöhratly ýylýazgysynyň dowamydyr.
10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz «Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda», «Arkadag şäheriniň inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak hakynda», «Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi.
* * *
Ýanwar aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «At — myrat» atly okuw merkezi işe başlady.
* * *
17 — 26-njy ýanwar aralygynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.
* * *
31-nji ýanwarda Milli Liderimiz «akylly» şähere iş saparynda hormatly Prezidentimiziň jemagat hojalygy hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin satyn alyp beren ýöriteleşdirilen ulaglary bilen hem tanyşdy. Täze tehnikalar şäheriň çäklerinde arassaçylyk hyzmatlaryny doly üpjün etmäge ukyplydyr.
* * *
1-nji fewralda şäheriň adybir «Arkadag» gazeti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda çap edilip başlandy. Bu waka «akylly» şäheriň ýaşaýjylarynda, gazetiň döredijilik işgärlerinde hem-de giň okyjylar köpçüliginde uly buýsanç duýgusyny döretdi.
* * *
22-nji fewralda Gahryman Arkadagymyz «akylly» şähere iş saparynyň dowamynda 4G+ ýokary tizlikli internet ulgamyny işe goýbermäge ak pata berdi. Bu tehnologiýa 4G LTE tehnologiýasyna görä, iki esse kuwwatly bolup, 300 Mbit/sekunt tizlikde maglumat çalşygyny amala aşyrýar.
* * *
12-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakyndaky kararyna laýyklykda, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň 65 gektar ýer bölegi «akylly» şäheriň dolandyryş çägine geçirildi.
* * *
12-nji martda Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadionda ilkinji gezek halkara duşuşyk geçirildi. Onda «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda Hindistanyň «Ist Bengal» topary bilen duşuşyp, 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.
* * *
13-nji martda Arkadag şäherine Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasy gowşuryldy. Munuň özi şäheriň ekologik derejesi boýunça halkara giňişlikde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.
* * *
24-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi.
* * *
29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, gaznanyň dört ýyllygy mynasybetli onuň baýdagy döredildi.
* * *
29-njy martda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirildi. Maý aýynda onuň Jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
* * *
Aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň ilkinji iş sapary Monako Knýazlygyna boldy.
* * *
27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde Arkadag şäherinde «Akhan» — «Taýçanak» — «Polatly» — «Akhan» binalarynyň aralygynda durky täzelenen Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de «Taýçanak» binasynyň açylyş dabarasy boldy.
* * *
27 — 29-njy aprelde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçirildi. Duşuşygyň maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekde çemeleşmeleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
* * *
10-njy maýda «Arkadag» futbol topary Kambojanyň paýtagty Pnompen şäheriniň 75 müň tomaşaça niýetlenen «Morodok Techo» stadionyndaky final oýnunda Kambojanyň dört gezek çempiony «Preah Khan Reach Svay Rieng» toparyny ýeňip, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy.
* * *
17-nji maýda Milli Liderimiziň «akylly» şähere amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
* * *
1-nji iýunda Aşgabatdaky «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy. Onuň çägindäki Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň gurluşygyna «Arkadag» futbol toparynyň halkara ýaryşda ýeňiş gazanyp, haýyr-sahawat gaznasyna geçiren pul serişdesi gönükdirilendir.
* * *
18-nji iýunda sportuň küşt görnüşi boýunça paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlary gowşuryldy.
* * *
28-nji iýunda Milli Liderimiz Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda «akylly» şäheriň iki ýyllygy mynasybetli, bu ýerde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi. Onuň tizlik derejesi bu ýerde ozal bar bolan 4G+ tehnologiýasyna garanyňda, 20 esse ýokarydyr.
* * *
30-njy iýulda durky täzelenen Gökdepe şaýolunyň hem-de Arkadag şäheriniň Keýmir kör şaýolunyň degişli bölekleri we olaryň birigýän ýerinde gurlan köpzolakly köpri açylyp ulanmaga berildi. Köprüniň beýikligi 9, ini 29.5, uzynlygy 627 metrdir.
* * *
22-nji awgustda Awazada Gahryman Arkadagymyzyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheri bilen Fizuli şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekildi.
* * *
5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
* * *
1-nji oktýabrda Milli Liderimize Arkadag şäheriniň «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň sentýabrda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolandygy baradaky hoş habar aýdyldy.
* * *
7-nji oktýabrda Azerbaýjanda Milli Liderimiziň hem-de wekiliýet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Fizulide Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna guruljak metjidiň düýbi tutuldy.
* * *
Oktýabryň ikinji ongünlüginde Arkadag şäherine oýlap tapyjylyk we patent işine goşan goşandy üçin Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy. Bu medal guramany esaslandyryjy hem-de onuň birinji prezidenti W.I.Blinnikowyň hormatyna döredilendir.
* * *
3-nji noýabrda Awazadaky halkara forumda gurluşyk işlerini alyp barmakda, innowasion hem-de «akylly» infrastruktura çözgütlerini ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän döredijilikli, netijeli işler üçin Arkadag şäherine ýokary baha berilýändigi baradaky Şahadatnama we ýörite nyşan gowşuryldy.
* * *
6-njy noýabrda Milli Liderimiziň beren tabşyrygyndan ugur alnyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
* * *
9-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy açyldy. Munuň özi Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
* * *
24-nji dekabrda «Arkadag» futbol topary Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyny utup, AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyryny üstünlige besledi. Üç günden soňra bolsa, finalda «Ahaly» ýeňip, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy. Topara bu kubok milli çempionatymyzyň kubogy bilen bilelikde gowşuryldy.







