
Ýaşajyk bagşy
«Öz ilimiň bagşysy men» diýen körpeje bagşy Gulbaba Akyýewiň ömri we döredijiligi uly gyzyklanma eýe. Ol barada käbir maglumatlary ýetirsek, halkymyzyň saýrak bilbilleriniň biri bolan Gulbabajygyň kakasy hem-de halypasynyň ussat sazandalaryň biri Han Akyýewdigini aýtmak gerek.
Dünýä saz medeniýetiniň görnükli wekili P.I.Çaýkowskiý alty ýaşlarynda saz sungaty bilen gyzyklanyp ugran bolsa, Gulbaba üç ýaşynda dutaryň perdelerini yzarlap başlaýar. 1963-nji ýylyň tomsunda Moskwa şäherinde geçirilen türkmen edebiýatynyň we sungatynyň günlerinde hem çykyş edýär. Şonda eli dutarly, egni gyrmyzy donly, başy ak telpekli körpe bagşynyň çykyşyna tomaşa edýänler ony alkyşlap, ör turup, dowamly el çarpýarlar. 1965-nji ýylda bolsa zehinli körpe bagşy ýene-de Moskwada halk hojalygynyň gazananlarynyň bütinsoýuz sergisinde çykyş edip, tomaşaçylaryň göwnüni göterýär. Soňra onuň gulaga ýakymly aýdymlary güneşli ýurdumyzyň teleradio ýaýlymlarynda yzygiderli ýaňlanyp başlaýar.
Zehinli bagşy gysga ömrüniň içinde tomaşaçylaryň öňünde 97 gezek konsert bilen çykyş etmäge ýetişýär. Ol şolaryň 30-syny Garagum derýasynyň gurluşykçylarynyň arasynda geçirýär. Onuň «Öz ilimiň bagşysy men» diýen meşhur aýdymy ussat sazanda Durnazar Hudaýberenow bilen bilelikde işlenýär. Han Akyýewiň sözlerine dörän bu aýdymy Gulbaba «Daşgaladaky waka» kinofilminde ilkinji gezek ýerine ýetirýär. Ol bu kinofilmde hakyky öz iliniň bagşysy bolup çykyş edýär. Şeýdip, Gulbaba Akyýew ýaşlygyna garamazdan, tejribeli bagşylaryň hataryna goşulyp gidýär. Onuň ýerine ýetiren «Gelemen», «Akmaýa gerek», «Nowgül», «Begler»,«Galmanam» ýaly aýdymlary höwes bilen diňlenýän aýdymlara öwrüldi.







