
Ilime bagyş edip buýsanç baýlygyn
Ýakynda Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahata «akylly» şäheriň, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ýolbaşçylary, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, pudagyň hünärmenleri, Hormatly il ýaşululary, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungat ussatlary, talyplar gatnaşdylar.
Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar häkimligiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda Arkadag şäheriniň gazananlaryna, ahalteke bedewleriniň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edilen döredijilik işleri ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň uçar ganatyna bagyşlanan eserleri bolsa sergä aýratyn ýaraşyk berdi.
Mälim bolşy ýaly, gadymy toprakda dörän Arkadag şäheri dünýäde meşhur ahalteke bedewleriniň mekanydyr. 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan ilkinji dabaraly maslahatyň «akylly» şäherde geçirilmeginde aýratyn many bar. Berkarar döwletimiziň abraý-mertebesini dünýä ýaýan şäherde, ylaýta-da, arhitekturasynda bedewlere uly orun berilmegi şeýledigini alamatlandyrýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň bolmagy-da, atçylyk pudagyna berilýän ähmiýetiň täze döwürde mynasyp ýüze çykmasydyr.

Milli Liderimiziň hem nygtaýşy ýaly, türkmen durmuşynyň her pursady bedewler bilen baglanyşyklydyr. Gamly güni gamdaşy, şat gününiň hemdemi bolan bedewleriň hemişe ümzügi ileri. Onuň bilen bagly pursatlaryň ýagşylyga ýorulmagy hem tötänlik däldir. Depginli ösüşleriň hemişe bedew badyna deňelmegi-de oňa uly ähmiýet berilýändiginden nyşandyr. Täze ýylymyzyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy bolsa, ýylyň halkymyza abadançylyk bagyşlajakdygyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerde belent ösüşleriň gazanyljakdygyny alamatlandyrýar. Ol adamlarda uly ruhubelentlik döredip, Watanymyzyň döredijilik kuwwatyna mynasyp goşant goşmaga höweslendirýär.
Maslahatda çykyş edenler her ýylyň mynasyp atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini aýdyp, üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini, munuň bolsa uly üstünliklere yşaratdygyny nygtadylar. Çünki uzak-uzak menzillere bedewleriň batly gadamlary bilen ýetilýär. Üstümizdäki ýyl Gündogar müçenamasy boýunça hem ýylky ýylydyr. «At — myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu gün Türkmenistan hem uly ösüşler bilen öňe barýar. Şeýle bolansoň, 2026-njy ýylda hem halkymyz Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, bedew bady bilen täze sepgitlere ýeter. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler
Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de bütin halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýewiň çykyşynda nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýygy-ýygydan ahalteke bedewleri bilen didarlaşyp durýar, olara atlanyp, çarpaýa galdyrmagy Watanymyzyň belentliklere ymtylyşyny alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, Milli Liderimiziň bedew ata atlanan keşbi şekillendirilen ajaýyp sungat eserleri döredilip, olar bu günki gün halkymyzyň gymmatly mirasyna öwrülýär.
Halkymyz ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýar. Olar asyrlarboýy halkymyzyň wepaly dosty, hemişelik hemrasy bolupdyr. Pederlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda atlary ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly ýoluny döredipdirler. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy. Ol diňe bir türkmenleriň milli baýlygy bolman, eýsem, bütin dünýäniň halklarynyň hem medeni mirasy bolup durýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri hem türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny belende göterdi.
Ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy-da onuň milletimiziň buýsanjy bolup durýandygyndandyr. Bu günki gün Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Çykyşlarda bu işleri mundan beýläk-de dowam etmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi, hormat goýmak ruhunda terbiýelemek ugrunda möhüm wezipeleriň öňde durýandygy bellenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň okgunly ösüşi, Arkadag şäheriniň mynasyp orny, halkymyzyň agzybirligi bilen gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.







