TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Maksatlar myrat tapyp, bagta ulaşsyn dünýä!

Maksatlar myrat tapyp, bagta ulaşsyn dünýä!

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň çäklerini yzygiderli giňeldýär. Ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirilýär. Halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy hem parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmek babatda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň şanly wakalaryna beslenen şöhratly ýoly alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Ýurdumyz BMG-niň ählumumy meseleleri we häzirki zaman wehimlerini çözmekdäki esasy ornuny yzygiderli goldaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň parahatçylygy goldamak, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe başlangyçlarynyň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy onuň aýdyň güwäsidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzäniň duşuşygynda hem bellenilip geçilipdi.

Ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen tagallalary birleşdirmeginiň esasy ugurlarynyň hatarynda howpsuzlyk meseleleri aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar hem sebit howpsuzlygynyň meseleleri babatda dialogy işjeňleşdirmekde ýurdumyzyň yzygiderli tagallalaryna esas bolup hyzmat edýär. Sebitde howpsuzlyk ýagdaýy, köp babatda häzirki zaman sebit gün tertibiniň giň ugurlardaky meseleleriniň, şol sanda möhüm ähmiýetli suw meselesiniň netijeli çözülmegi bilen kesgitlenilýär. Bu meselede ýurdumyz halkara hukugyň düzgünlerine eýerilmegi, sebit döwletleriniň bähbitleriniň hasaba alynmagy we bu işe halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çekilmegi ýaly esas goýujy kadalardan ugur alýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň binýadynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem hoşniýetli daşary syýasatymyzyň barha giňden dabaralanýandygynyň güwäsidir.

Geçen ýylda ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrdy. Bu hyzmatdaşlyga medeniýetara aragatnaşygyň, özara düşünişmegiň köprülerini gurmagyň, hormat goýmagyň, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde garamak bilen, ýurdumyz şunda parlament hem-de halk diplomatiýasyna, medeni alyşmalara, zenanlaryň, ýaşlaryň, sport guramalarynyň gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýär. 12-nji dekabrda paýtagtymyz Aşgabatda dünýäniň köp ýurdundan ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen halkara forum bolsa geçen ýylyň esasy wakasyna öwrülip, halkara gün tertibiniň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga netijeli meýdança boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň alyp barýan işiniň esasy ugurlaryna laýyk gelýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem ähli ugurlarda ýetilen belent sepgitler bilen taryhyň gatlaryndan mynasyp orun aldy. 2025-nji ýylda türkmen diplomatiýasynyň gadamlary has-da rowaçlanyp, abraýly meýdançalaryň münberinden bütin adamzadyň nurana geljegini nazarlaýan möhüm başlangyçlar beýan edildi. Ýylyň ahyrky günlerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi-de şol başlangyçlaryň logiki dowamyna öwrüldi.

2026-01-0779