TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Plastik gaplar ulanylanda

Plastik gaplar ulanylanda

Plastik gaplaryň ynsan saglygy üçin howpsuzlygy olaryň saklanyş şertlerine gözegçilik edilişine, ýaramlylyk möhletine we niýetlenilişine laýyklykda ulanylyşyna baglydyr.

Ýüze çykýan ýalňyşlyklaryň biri hem gabyň howpsuzlygyny görkezýän bellige ähmiýet berilmezligidir. Plastik gaplaryň we gaplamalaryň önümçiliginde dürli hili polimerleriň birnäçe görnüşleri ulanylýar. Şol sebäpli hem plastiklere olaryň howpsuzlyk ýagdaýy barada maglumat berýän ýörite bellikler ýazylýar. Mundan başga-da, azyk iýmitleri üçin niýetlenen plastik gaplarda hökmany suratda ulanmaga degişli şekiller ýerleşdirilýär.

PET («birlik») — polimerleriň ynsan saglygy üçin iň howpsuz görnüşleriniň biridir. Ondan içgileriň, suwlaryň, süýdüň gaplary, bir gezeklik ulanmaga niýetlenen gaplar öndürilýär. Plastik gaplar ulanylanda nahar salyp ýylatmak, ýagny mikrotolkunly peçlerde nahar ýylatmak üçin degişli belligi bolan konteýnerleri peýdalanmaly. Şu hili belligi bolmadyk gaplar ýyladyjy enjamlarda ulanylmaly däldir. Olar gyzgynlyga golaýlaşdyrylan mahalynda adam saglygyna zyýanly bolan formaldegid, geksan hem-de benzol ýaly maddalar bölünip çykýar. Bu bolsa adamlarda birnäçe keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.

Gök önümleri polietilen paketlere salyp goýmak, bular ýaly önümleri şu hili maksatlar üçin niýetlenen plastik gaplarda saklamak maslahat berilýär. Plastik gaplarda gaplanan azyk önümlerini ýörite bellenen senä çenli ulanylmalydyr.

2026-01-0716