TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ösüşleriň aýdyň ýoly

Ösüşleriň aýdyň ýoly

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi, ilkinji nobatda, parahatçylyk, durnukly ösüş we hoşniýetli gatnaşyklar ýaly asylly ugurlary baş ýörelge edinýär. Ýurdumyzyň bu syýasy derejesi dünýäde ählumumy parahatçylygyň ygtybarly guraly hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa mähriban Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetlidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby dokuz bölümden ybarat bolup, ýokary hilli bezeg aýratynlyklaryna eýe. Dürli fotosuratlar bilen bezelmegi onuň many-mazmunyna çuň düşünmäge itergi berip, okyjylary özüne çekýär. Eserde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemşelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary giňden beýan edilýär. Şeýle-de bu ugurda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär.

Kitapda şeýle ganatly sözler bar: «Öňler türkmenleri dünýä tanadan beýik häsiýetler hakynda söz açylsa, olaryň hersini birin-birin aýratyn nygtap düşündirmeli bolýardy. XX asyryň ahyrynda dünýä jar edilen täze bir syýasy ýörelge hem-de onuň XXI asyrdaky aýgytly gadamlary türkmen halkyna mahsus häsiýetleri bir söz arkaly hem beýan edip bolýandygyny görkezdi. Ol — hemişelik Bitaraplyk derejämiz — türkmen halkyna mahsus bolan ähli beýik häsiýetleri özünde jemleýän oňyn Bitaraplyk». Şol jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly eseri mugallymlar üçin hem uly gollanma bolup, terbiýeçilik işinde nesillerde halkymyza mahsus asylly häsiýetleri kemala getirmekde bahasyz serpaý boldy.

2026-01-0715