TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri

Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri

Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir dünýä döwletleri bilen däl, eýsem, birnäçe halkara guramalary bilen hem özara ygtybarly syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar.

2023-nji ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýokary okuw mekdebimiziň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby açyldy. Bu klubyň döredilmegi «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglylykda, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň nusgalyk dowamy boldy. Klubuň esasy maksatlary — adalatlylygyň we adam hukuklarynyň ählumumy hormatyny üpjün etmek bilen bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda halklaryň hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň halkara derejedäki abraýyny has-da artdyrmaga ýardam etmekden ybaratdyr. Bu klub akademiýanyň abraýly guramanyň beýik maksatlaryna eýerýän we gyzyklanma bildirýän talyplarynyň we mugallymlarynyň birleşmesidir. Klub üçin akademiýamyzyň Kitaphana we muzeý binasynyň 1-nji gatynda ýörite otag taýýarlanyldy. Bu otagda bize her bir ugurda uly gollanma bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz barada maglumatlar, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna we ÝUNESKO-nyň alyp barýan işlerine degişli resminamalar ýerleşdirildi.

«Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly klubumyzyň wekilleri halkara taslamalara goşulyşmak, tejribe alyşmak maksady bilen daşary ýurtlara hem yzygiderli iş saparlaryny amala aşyrýar. Umuman, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň döredilmegi milli bilim ulgamynyň we türkmen ylmynyň depginli ösüşlerini, ahalteke bedewlerimiz ýaly birnäçe milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak, beýik maksatlary wagyz etmek ýaly giň mümkinçilikleri döretmekde uly ähmiýete eýedir.

2026-01-0719