TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
1) býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;
2) pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;
3) talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmaly.
2. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
1) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 2070 manat möçberde;
2) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 605 manat möçberde;
3) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 500 manat möçberde;
4) döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 470 manat möçberde bellemeli.
3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1280 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.
4. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy, kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini şu Permana 1 — 7-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly.
5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny we daşky gurşawyny goramagy düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudaklaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, degişlilikde, Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hakynda Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny, ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberi, merkezi edaralarynyň işgär sany baradaky hem-de şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
3. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
4. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.B.SAPAROW hakynda
Annageldi Baýramdurdyýewiç Saparowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Annageldi Baýramdurdyýewiç Saparow
1986-njy ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — inžener-mehanik.
2002 — 2006-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň düzümlerinde işledi.
2011-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserniniň esasy hünärmeni. 2012 — 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserninde dürli wezipelerde işledi.
2019-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmensenagat” agentliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” döwlet kärhanasynda dürli wezipelerde işledi. 2020-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Nebitmaş” döwlet kärhanasynyň direktorynyň orunbasary, direktoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, direktory bolup işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary.
2023-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
N.G.NAZARMYRADOW hakynda
Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradowy Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradow
1982-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda doguldy. Ýokary bilimli. 2007-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — ykdysatçy, hukukçy-menejer.
2001-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Ýaňgala” daýhan birleşiginde kärendeçi bolup zähmet ýoluna başlady.
2007 — 2009-njy ýyllarda Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň dükanynyň müdiri. 2009-njy ýylda Ahal welaýat önümçilik söwdasy, daşary-ykdysady aragatnaşyklar, durmuş hyzmaty we telekeçiligi goldamak baradaky birleşiginiň esasy hünärmeni, Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň önümçilik bölüminiň başlygy. 2011-2012-nji ýyllarda Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň önümçilik bölüminiň başlygy.
2012-nji ýylda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň Abadandaky ýolgurluşyk önümleri kombinatynyň üpjünçilik bölüminiň başlygy. 2012 — 2014-nji ýyllarda Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň söwda bölüminiň başlygy. 2014 — 2016-njy ýyllarda Gökdepe etrap alyjylar jemgyýetiniň azyk söwda senagaty we önümçilik kombinatynyň direktory.
2016 — 2018-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň häkimi. 2018-nji ýylda Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary.
2018-2019-njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary.
2019-njy ýyldan bäri Daşoguz welaýatynyň häkimi.
“Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ç.G.BABANYÝAZOW hakynda
Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazowy Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazow
1974-nji ýylda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Ýyldyz geňeşliginde doguldy. Bilimi ýokary. 1999-njy ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini agronom-agrohimik hünäri boýunça tamamlady.
1991-nji ýylda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň “Soltanýap” daýhan birleşiginde kärendeçi bolup zähmet ýoluna başlady.
1999 — 2021-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň düzüminde dürli wezipelerde işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
2023-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ylym bölüminiň esasy hünärmeni.
2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
H.A.TOGALAKOW hakynda
Hemra Amanmämmedowiç Togalakowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 12-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.B.GOÇMYRADOWA Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda
Aýmyrat Baýrammyradowiç Goçmyradowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 12-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.B.GOÇMYRADOW hakynda
Aýmyrat Baýrammyradowiç Goçmyradowy Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 12-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ý.Ö.MÄMMEDOW hakynda
Ýazguly Öwezgylyjowiç Mämmedowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 12-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
D.D.MURATOW hakynda
Dowletmyrat Džoraýewiç Muratowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gruziýadaky (Tbilisi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 12-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
REJEPMYRADOW H.S. hakynda
Rejepmyradow Hajymuhammet Saparmuhammedowiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
NYÝAZLYÝEW N.M. hakynda
Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
D.I.SAPBAÝEW hakynda
Döwrangeldi Işangulyýewiç Sapbaýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
ÇARYÝEW B.Ş. hakynda
Çaryýew Begenç Şadurdyýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.S.WOLSAHATOW hakynda
Polkownik Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.S.WOLSAHATOW hakynda
Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatowy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
AGAMYRADOW G.N. hakynda
Agamyradow Gulmyrat Nurmyradowiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.O.SAPAROW hakynda
Allaberdi Orazmämmedowiç Saparowy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
H.K.NUNNAÝEW hakynda
Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýewi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
ALTYÝEW A.N. hakynda
Altyýew Allanur Nurgeldiýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
N.G.NAZARMYRADOW hakynda
Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradowy, başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
GURBANOW Ý. hakynda
Gurbanow Ýazmuhammedi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
R.J.HOJAGULYÝEW hakynda
Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýewi Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
H.AŞYRMYRADOW hakynda
Hojamyrat Aşyrmyradowy Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
S.A.SOLTANMYRADOW hakynda
Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradowy Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
ANNABERDIÝEW D.O. hakynda
Annaberdiýew Döwranberdi Orazberdiýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.S.ORAZOW hakynda
Begençmyrat Sapargeldiýewiç Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

2023-07-152122