
Arkadagyň paýhasy
Gojaman Hazaryň joşgunly tolkunlarynyň sesi deňziň depesinde ganat ýaýýan ak çarlaklaryň owazy bilen utgaşyp, bir ajaýyp mukam döreýär. Şol mukam bolsa bagtyýarlygyň, asudalygyň, agzybirligiň gaýtalanmajak sazy bolup ýaňlanýar. Asyl tebigatyň özi bu künjegiň aladasyny edene meňzeýär. Dürli görnüşli balykgulaklar bilen keşdelenen altynsow çägeli kenar, jana melhem arassa howa, säher bilen lowurdap asmana galýan Günüň nury, ýyly deňiz suwy... — bularyň hemmesi birleşip, özboluşly gözelligi döredýär. Tebigatyň eçilen şol gözellikleriniň Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky biri-birinden owadan binalaryň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň gözelligi bilen baýlaşmagy netijesinde-de bu künjek jenneti mekana öwrüldi.
Sanaýmalyja ýylyň içinde döredilen şol gözellik diňe bir bu künjegiň däl-de, tutuş ýurdumyzyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagyna getirdi diýip buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu günki gün Türkmenistan diýlende, Awazanyň, Awaza diýlende, eziz Diýarymyzyň hakydalara dolýandygyny bu ajaýyp zolaga gelen daşary ýurtlularyň ençemesinden eşitmegiň miýesser edendigini şu ýerde aýratyn nygtamak isleýärin. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen döredilen Awazanyň ady hem bu gün dünýä syýahatçylygynyň merjeni hökmünde, aýdylyşy ýaly, Ýer ýüzüniň ýedi yklymynda mälimdir.
Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy bolupdy. Şonda Gahryman Arkadagymyz deňiz ýakasynda dünýä derejesindäki syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürüpdi. Şondan alty aý geçenden soň, has takygy, şol ýylyň 3-nji dekabrynda Hazaryň kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň kyrka golaýynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen işewürlik maslahatynyň çäginde geljekki iri halkara syýahatçylyk we dynç alyş merkeziniň taslamasy anyk häsiýete eýe boldy. Şonda Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek barada iri taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň başlanýandygyny yglan edipdi. Şondan bärem başy gök direýän beýik-beýik binalaryň hatary ýylsaýyn artyp başlady.
«Serdar», «Watançy», «Hazyna», «Nebitçi», «Çarlak», «Gämi», «Deňiz», «Hazar», «Berkarar», «Bagtyýar», «Merdana», «Täjir», «Seýrana», «Kuwwat» ýaly myhmanhanalar, «Ýelken», «Ak ýelken», «Tolkun», «Rowaç» kottejler toplumlary we ýaht-klublary, «Daýanç», «Ahal», «Mary», «Lebap», «Daşoguz» sagaldyş merkezleri, «Arzuw», «Balkan» çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezleri, «Awaza» derýasy, «Älemgoşar», «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar» dynç alyş seýilgähleri, «Awaza» sport toplumy, şypahanasy, Kongresler merkezi we beýleki binalar halkyň hyzmatyna berildi. Şeýlelikde, taryh üçin örän gysga döwrüň içinde gündizlerine Gün nuruna lowurdaýan, gijelerine älemgoşar öwüşginli yşyklary deňze düşüp öwşün atýan binalaryň, desgalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, myhmanhanalaryň, seýilgähleriň hatary ýylsaýyn artyp başlady. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alynýan, saglygyňy berkidilýän ýer bolman, şol bir wagtda halkara derejedäki uly çäreleriň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, işewürlik duşuşyklaryň, halkara ähmiýetli maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi.
Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen giň gerimli çärelere ser salalyň: 2010-njy ýylda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti» atly halkara maslahat, «Awaza» — dostluk mekany» atly halkara festiwal, «Awaza» — döretmegiň, gurmagyň we ösüşiň täze belentliklerinde» atly halkara sergi, 2012-nji ýylda ýurdumyzyň we GDA agza ýurtlaryň çagalarynyň halkara festiwaly, 2014-nji ýylda windsörfing boýunça Dünýä çempionatynyň tapgyry, 2017-nji ýylda «Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport kongresi, 2018-nji ýylda «Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap» atly halkara forum, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti, Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwaly, 2019-njy ýylda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisi hem-de maslahaty, Birinji Hazar ykdysady forumy we onuň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi, «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergi, 2021-nji ýylda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli tagamlarynyň festiwaly, 2023-nji ýylda «Awaza — 2023», 2025-nji ýylda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwallary… Bularyň ählisi ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrýan taryhy wakalardyr. Atlaryndan hem belli bolşy ýaly, şeýle çäreler Merkezi Aziýanyň sebitini göz öňünde tutsa-da, olaryň ähmiýeti älem-jahana ýaň salýar. Bu çäreler arkaly döwletimiz parahatçylygy, agzybirligi, jebisligi dörediji ýurt hökmünde ýene-de bir gezek dünýä ýaýyldy. Halkymyzyň myhmansöýerliginiň we ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň bedew bady bilen öňe barýandygyny, şol ösüşleriňem milli däp-dessurlarymyza daýanýandygyny äşgär etdi.
Çünki geçirilen çäreler sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýlägem ilerletmegiň geljekki mümkinçiliklerini kesgitleýär. Munuň özi Merkezi Aziýanyň asyrlaryň täze taryhy şertlerinde hemmetaraplaýyn pajarlap ösýän kuwwatly sebit hökmünde eýeleýän ornuny has-da berkitmekde, onuň ykdysady, mümkinçiliklerini tutuş Ýer ýüzünde abadan, bagtyýar ýaşaýşyň berkarar edilmegine gönükdirilýändigini äşgär etdi.
Hawa, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä jahankeşdelerine gujagyny giňden açar. Oňa ýene-de dünýäniň çar künjeginden myhmanlar geler. Bu ýerde awgust aýynyň 4 — 8-i aralygynda bolsa, BMG bilen hyzmatdaşlykda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty geçiriler.
Hawa, ýylyň dört paslynda hem adamlaryň uly höwes bilen dynç almaklary, wagtlaryny hoş geçirmekleri, halkara ähmiýetli forumlaryň, festiwallaryň, ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilip durulmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýetiniň halkymyzyň hem-de döwletimiziň durmuşynda örän ýokarydygyny subut edýän hakykatdyr. Hazar deňziniň türkmen kenarynyň jenneti mekana öwrülmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýän taýsyz tagallalarynyň şirin miwesidir.