
Arzyly, arzuwly pursatlar
Türkmen ýaşlarynyň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, saýlan hünärinden baş çykaryp bilmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler bar. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerindäki ýokary, ýörite orta we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa girmäge isleg bildirýänleriň resminamalaryny kabul etmek işi gyzgalaňly dowam edýär.
Ýaşlar üçin gapysyny giňden açan Arkadag şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hem şeýle işler ýokary guramaçylyk derejede alnyp barylýar. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, şeýle hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Döwrüň talabyna laýyklykda bilim berilýär.
Häzirki wagtda bolsa Arkadag şäherindäki ady agzalan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän hyjuwly, yhlasly ýaşlaryň sanardan köp bolmagy diýseň buýsandyrýar. Maksadyň yhlasyňa görä myrat tapýar. Nesibesi çekip, okuwlara kabul edilen ýaşlar sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde ýerleşýän ady agzalan okuw mekdeplerde ençeme ugurlar boýunça kämil bilim alarlar. Bu bilim ojaklarynda häzirki zaman tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylandyr.
Türkmen ýaşlarynyň milli terbiýe, arassa ahlakly, edepli, ile-güne gerekli adam bolup ýetişmekleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň egsilmez aladalary, yhlaslary bar. Biz hem dalaşgärlere Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine bildirýän ynamyny ödemeklerini hem-de synaglardan üstünlikli geçip, bagtyýar talyp bolmaklaryny ak ýürekden arzuw edýäris.