TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň gözbaşy

Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň gözbaşy

Ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň jan saglygy netijesinde döredijilikli zähmet ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Şunda kadaly iýmitlenmek, arassa howa we bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli amal etmek hem-de sport bilen meşgullanmak jan saglygynyň girewidir.

Diýarymyzda, şol sanda Arkadag şäherinde hem halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy, sport toplumlary hereket edýär. Ilatyň saglygyna howp salýan wehimlere garşy ygtybarly binýat kemala getirildi. Halkyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi giňden wagyz edilýär. Raýatlaryň jan saglyklaryny berkitmekleri, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezleri halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Lukmançylyk ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýokarlandyrylýar, hukuk binýady yzygiderli kämilleşýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny öz kärine ussat hünärmenler we maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek, sanly lukmançylyk ýörelgelerini ýola goýmak ýaly işler amala aşyrylýar.

Tebigatyň ilkibaşdaky durky, arassa dag howasy we suwy adamlaryň dürli kesellerden saplanmagy, saglyklarynyň dikelmegi üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugry hökmünde şypahanalaryň hyzmatynyň yzygiderli ykrar edilýändigi muňa aýdyň mysaldyr. Adamyň saglygyny goramak işi, tebigy gurşawyň abat saklanmagyna we onuň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ynsan bedeni tämiz howa, tebigy gözellige, ýaramly hem ýokumly, ekologiýa taýdan arassa iýmite, dürli witaminlere mätäçdir. Ynha, Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheri hem geografik jähtden ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän şäherdir. Şäheriň saglygy goraýyş edaralarynda dürli ugurly, ýokary hünärli hünärmenler zähmet çekýärler. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek üçin ähli şertler döredilendir. Munuň üçin biz lukmanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

2025-07-2364