TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Şanly wakanyň şanyna

Şanly wakanyň şanyna

Ýakynda Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyndaky saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada çykyş edildi. Öňde duran maksatlar aýdyňlaşdyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda halk bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen pähime eýerilip, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de olary ýok etmek boýunça saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda uly işler alnyp barylýar. Şeýle netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyny we elýeterliligini üpjün edýär.

Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Maksatnamanyň çäklerinde geçen ýyllarda saglygy goraýyş işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulandyryldy we abadançylygy ýokarlandyryldy. Raýatlar üçin saglygy goramak babatynda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikler we giň şertler üpjün edildi. Halkara ölçeglerine we talaplaryna, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine daýanýan saglygy goraýyş ulgamy döredildi.

Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda geçirilen maslahatyň ahyrynda şäherdäki saglygy goraýyş edaralarynda göreldeli zähmet çekýän lukmanlara Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Bu bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn uly üns berilýändiginiň, kärine ökde hünärmenleriň zähmetine uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Sylaga mynasyp bolan lukmanlar zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýtdylar.

2025-07-2363