
Mundan barsaň Azerbaýjan iline...
Geçen hepdäniň şu günleri, 16-17-nji iýuly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny taryhy wakalara sapdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary gatnaşyklaryň has-da berkeýändiginiň beýany boldy. Ir säher paýtagtymyzdan Azerbaýjanyň paýtagtyna ugur almazymyzdan ozal, Baku şäheriniň ýatdan çykmajak senede, mundan iki ýyl öň Arkadag şäheriniň açylyşy gününde Aşgabat bilen doganlaşan şäherler bolandygy hakdaky pikirler hem hakyda geldi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gadymy gadyrly gatnaşyklaryň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň alamatydyr. Şeýle ruhy ýakynlyklar kalplary ysnyşdyrýar.
Azerbaýjan. Dünýäniň syýasy kartasyny synlanyňda, Hazar deňziniň günbatar kenarynda ýerleşýän Kawkaz sebitiniň bir döwleti. Ýurduň kenarýaka uzynlygy 713 kilometre uzap gidýär.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Geçen taryhy döwrüň içinde ýurtlarymyzyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlykda oňyn tejribe gazanyldy.
Goňşy illeri dostluk deňzi birleşdirýär. Şu günüň, şu ýylyň taryhy wakasy hökmünde uludan taýýarlykly barylýan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň golaýlap gelýän günlerinde Hazaryň günbatar kenaryna Gahryman Arkadagymyzyň sapary amala aşyrmagy mübärek senelere many gatdy.

...Ýerden göge göterilen uçar sagat gowrak wagt geçiberende, Geýdar Aliýewiň adyny göterýän Halkara howa menziline gondy. Menzilarasy uzak bolmadyk Azerbaýjan ili.
Ýaşyl tugumyzyň parlap duran nurana keşbi — goňşy gatnaşyklarynyň pajarlamasy. Gatnaşyklaryň gülleýän ýerinde dost — dogan bolýar, dogan — dost. Ynanyşmak ýörelgesine ygrarlykda ysnyşylýar. Owal-ebetde biziň döwletimiziň baş ýörelgesi — ynanyşmak esasynda gatnaşyklaryň binýadyny berkitmek. Diňe ýurdumyzda däl, eýsem, eziz Watanymyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde ýylynyň adyna çenli bu ýörelgäniň mazamlanmagy ýöne ýerden däl. Bu gatnaşyklaryň gözbaşynda Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň dostana taglymatlary bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Zagulba» köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen gürrüňdeşliginiň düýp esasyny şeýle ýakynlyklar düzdi. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini ilkinji bolup goldandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirmegi aýdyň hakykatdyr. Milli Liderimiz saparynyň ilkinji gününde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşygyň geçirilmeginiň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigini aýtdy. Hemişe bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýurtlaryna saparlary köptaraply geljege gönükdirilen bähbitleri öz içine alýar. Şu gezekki saparynyň dowamynda ynsanperwer ugurlara ähmiýet berilmegi ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýän Haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň geriminiň giňeýändiginiň güwäsidir.
Deňziň ýakasynda ýerleşýän Baku syýahatçylaryň hem gelim-gidimli künjegi. Bu ýerde geçen asyrda dörän postmodernizm, funksionalizm akymyna degişli desgalar şäheriň dürli ýerlerinde bina edilipdir. Bakuwyň nyşany hökmünde tanalýan, häzirki zaman binagärlik stilinde gurlan alaw şekilli täsin bina uzaklardan göze ilýär. Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň binasy hem onuň golaýynda ýerleşýär. Milli Liderimiziň bu ýerde dostlukly ýurduň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygynda parlamentara gatnaşyklaryna garaldy. Munuň özi bu ugurdaky işleriň-de ilerlemeginde ähmiýetli boldy.
Öten-geçenleri hatyralamak, külli halky sarpalamakdan nyşan. Gahryman Arkadagymyz saparynyň dowamynda Hormat meýdançasyna baryp, azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň, Prezident Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy. Şäheriň howalanyp görünýän künjegindäki «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna barlyp, ol ýerde hem Watan ugrunda janyny gurban eden halkyň milli gahrymanlarynyň öňünde tagzym edildi.
Milli Liderimiz Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz: «Iki halkyň bir bitewi kökleri bar. Biz umumy köklere, ýakyn garyndaşlyga esaslanýarys. Bir umumy gymmatlyklara eýerýäris. Biz örän baý taryhy tejribäni häzirki döwre çenli aýawly saklap geldik» diýdi. Elbetde, türkmen-azerbaýjan halklarynyň medeniýetleriniň, dilleriniň ýakynlygyny-da aýtmak bolar. Iki ýurduň hem pul birligine «manat» diýip atlandyrylmagy şol ýakynlygy tassyk edýär.
Häzirki wagtda Bakuwyň kenarýakasynda gurluşyk işleri alnyp barylýar. «Sea Breeze» dynç alyş toplumy Hazaryň türkmen kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ýatlatdy. Bu ýerde Milli Liderimize gurulýan binalar hakda taslamalaryň tanyşdyrylmagy dynç alyş toplumynyň işi üçin ähmiýetli boldy. Tomsuna Gün nuruna lowurdaýan Hazaryň kenarlary täze görke, keşbe eýe bolýar. Hazaryň tolkunlarynyň sesi dostluk owazy bolup kalplara dolýardy.
17-nji iýul — Gahryman Arkadagymyzyň saparynyň ikinji güni hem täsirli wakalara baý boldy. Milli Liderimiz saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Fizuli, Şuşa şäherlerindäki taryhy medeni künjeklere bardy. Bakuwdan ugur alan laçyn suratly uçar ýarym sagat çemesinde Fizuli Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza howa menzilleriniň mümkinçilikleri hakda gürrüň berdiler. Soňra ýol ugruna ýörite gurnalan ýerde Fizuli şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň taslamalaryny görkezdiler we Gahryman Arkadagymyza gymmatly maslahatlary üçin hoşallygyny aýtdylar. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideriniň şähergurluşyk tejribesiniň nusgalyk beýany hökmünde Arkadag şäherini aýtmak bolar. Saparynyň dowamyndaky Milli Liderimiziň her bir maslahaty dostlukly halklaryň wekilleri üçin hem uly tejribedir. Şuşanyň baş meýilnamasynyň çäklerinde täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynda-da, bu ýerde bina edilýän metjitde-de Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasynyň ähmiýetlidigini bellediler.

Şuşa barýan ýollar. Garabag gözellikleri. Baglar, göýä diýersiň, dagyň ýüzüne ekilen ýaşyl ot ýaly gür. Ulag assa-ýuwaş dag ýollary bilen ýokary galýardy. Deňiz derejesinden 1 müň 368 metr belentlikde ýerleşen Şuşa Azerbaýjan sazynyň, sungatynyň ojagy, medeni paýtagty. Ol XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başlarynda Kawkazyň aýdym-saz merkezine öwrüldi. Bu şäherde halk artistleri, kompozitorlar köp çykansoň, öý-muzeýlerini döredipdirler. Şuşa «Kiçi Pariž», «Azerbaýjan sazynyň sallançagy» we «Kawkaz konserwatoriýasy» diýilýärdi. Şäher 2023-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty», 2024-nji ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» boldy.
Aýdyşlaryna görä, «Şuşa» sözi «çüýşe» sözünden döräpdir. Ony durnanyň gözi ýaly dury çeşmeler, howasynyň arassalygy bilen hem baglanyşdyrýarlar. Kawkazlylaryň aýtmaklaryna görä, bu ýerde 90 — 100 ýaşaýanlaryň sany köp. Bu ýer bejeriş aýratynlyklary bilen tapawutlanýan şypahanaly şäher hasaplanýar.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň şu gününe we taryhyna degişli başga-da birnäçe gymmatlyklar bilen tanyşdy. Bularyň hatarynda Geýdar Aliýew baradaky surat sergisi, Şuşa galasy, Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň öý-muzeýi, Göwher Aga metjidi, Azerbaýjanyň XVIII asyr binagärliginiň özboluşly nusgalarynyň biri Mehmandarowlaryň öý-muzeýi bilen tanyşdyrylmagy, Jydyr düzüne baryp görmegi dostlukly ýurtda Gahryman Arkadagymyza bildirilen hormat-sarpanyň aýdyň nyşany boldy. Muňa garabag tohumyndan bolan Dostluk atly bedewiň sowgat berilmeginden hem magat göz ýetirmek bolýar.
Goý, «Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi».
Guwanç MÄMIÝEW.
«Arkadag».
Arkadag — Baku — Fizuli — Şuşa — Arkadag.